Italiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gadymy Pompei şäherini gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikdäki maksatnamasy doly güýjünde amala aşyrylýar. Häziriki wagtda eýýäm jahankeşdeleriň gelip görmekleri üçin abatlanan ymaratlaryň 30-sy açyldy. Şu ýyl bu ýere gelýänleriň sany 10-15 göterim artyp, geçen ýylky 3 million 200 müň adama ýeten rekordy hem täzelär diýlip garaşylýar. Indi bu ýadygärlik şäherine özboluşly ýagtylandyryş ulgamy arkaly, gijelerine hem tomaşa edip bolýar. Ýagtylygyň täsiri bilen gadymy derweze “Porta Marina”, “Truttolemo” diwarlary we “Ýupiter” ybadathanasynyň sütünleri has syrly görnüşe eýe bolýarlar. Guramaçylar ähli gelip görmäge isleg bildirýänler üçin bu gadymy Rim şäheriniň miladynyň 79-njy ýylynda Wezuýa wulkanyna gömülmezinden ozal, nähili keşpde bolanlygyny göz öňüne getirip bilmekleri üçin aýratyn ugur işläp düzdüler.