Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin 3-4-nji iýul­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, 7-8-nji iýul­da bol­sa, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da res­mi sa­par­da bol­dy. Hy­ta­ýyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň Rus­si­ýa sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň, hu­su­san-da, yk­dy­sa­dy-söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na iter­gi ber­di. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de umu­my ba­ha­sy 10 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bir­nä­çe yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Şo­nuň üçin bu sa­par iki ýur­duň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­dy.
Mun­dan baş­ga-da, sa­pa­ryň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da 40-a golaý hö­kü­me­ta­ra res­mi­na­ma­la­ry­na hem gol çe­kil­di. Iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry Wla­di­mir Pu­tin bi­len Si Szin­pin 2 sa­ny bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma gol çe­kip, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, söw­da we me­de­ni ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze iter­gi ber­di­ler. Li­der­le­riň gol çe­ken bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­la­ry­nyň bi­ri iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra de­giş­li bol­sa, beý­le­ki­si hal­ka­ra me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin Rus­si­ýa sa­pa­ryn­dan soň­ra Ger­ma­ni­ýa­nyň Gam­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Uly-20”-li­giň (G20) mej­li­si­ne gat­naş­dy. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne eýe bo­lan ýurt­la­ryň 20-si­niň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek 12-nji sam­mi­tiň çäk­le­rin­de köp san­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu sammite 20 döwletiň ýolbaşçylary gatnaşýar. “Uly-20”-ligiň düzümine: Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Günorta Afrika Respublikasy, Türkiýe, Beýik Britaniýa, ABŞ hem-de Ýewropa Bileleşigi girýär.
2016-njy ýyl­da bu sam­mit Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde ge­çi­ri­lip­di.