Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­lyk ge­ze­gi şu ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan Mal­ta­dan Es­to­ni­ýa geç­di. Es­to­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti bu we­zi­pä­ni 1-nji iýul­dan – 31-nji de­kabr ara­ly­gyn­da alyp ba­rar. ÝB-niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy 6 aý do­wam ed­ýär we ol gu­ra­ma ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­ga saý­la­nan ýurt­lar gu­ra­ma­nyň mej­lis­le­ri­niň ýyg­nak­la­ry­na baş­lyk­lyk ed­ýär.
Es­to­ni­ýa hö­kü­me­ti bu dö­wür­de gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky je­bis­li­gi has-da pug­ta­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ýur­duň hö­kü­me­ti 6 aýyň do­wa­myn­da ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýan mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da be­ýa­nat bi­len çy­kyş et­di. Şon­da de­giş­li dö­wür­de teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga has uly üns be­ril­jek­di­gi aý­dyl­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da san­la­ýyn teh­no­lo­gi­ýa­ny has iç­gin or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­ken Es­to­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti mag­lu­mat­la­ryň yg­ty­bar­ly al­nyp-be­ril­me­gi üçin ze­rur inf­rast­ruk­tu­ra­nyň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni mä­lim et­di. Es­to­ni­ýa­nyň mak­sa­dy er­kin san­la­ýyn ba­za­ry dö­ret­mek­den yba­rat­dyr.
ÝB-niň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy Es­to­ni­ýa­dan soň­ra de­giş­li­lik­de Bol­ga­ri­ýa, Awst­ri­ýa hem-de Ru­my­ni­ýa ge­çer.