Dünýäniň käbir ýurtlarynda, esasan hem Ýaponiýada we Hytaýda bolşy ýaly, Germaniýada-da ýokary tizlikli otly gatnawy ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň iki uly şäheri Berlin bilen Mýunheniň arasynda ýokary tizlikli täze otlunyň synag gatnawy amala aşyryldy. “ICE Sprinter” otlusy bilen iki şäheriň arasy 3 sagat 55 minutda geçildi. Adaty otlular bilen bu aralyk 6 sagada golaý wagtda geçilýärdi.
2017-nji ýylyň dekabrynda 500 kilometr aralykda ýokary tizlikli otly gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Häzir 107 kilometr ýolda synag gatnawlary amala aşyrylýar. Ondan tizligi sagatda 300 kilometre ýetýän otlular gatnar. Sagatda 230 kilometre ýetýän otlular bilen bu aralygy Gallede, Erfurtda hem-de Nýurnbergde säginip, 4 sagat 30 minutda geçmek meýilleşdirilýär.
Ýokary tizlikli otlular, esasan hem, Ýaponiýada giňden ýaýrandyr. Bu ýurtda olaryň tizligi sagatda 443 kilometre baryp ýetýär. Mundan başga-da, Taýwanda, Hytaýda we Beýik Britaniýada bu otlularyň gatnawy ýola goýuldy. Ýakyn geljekde ABŞ-da, Kanadada, Braziliýada we Wýetnamda ulagyň bu görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.