ABŞ-da ge­çi­ri­len so­sis­ka­ly send­wiç iý­mek bäs­le­şi­gin­de 10 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 72 sa­ny so­sis­ka­ly çö­rek iýen Joui Çest­nat bi­rin­ji bol­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şik­de bol­sa, şol birwagt­da 41 sa­ny send­wiç iýen Mi­ki Su­do bi­rin­ji­li­gi eýe­le­di. Bu çä­re ABŞ-da 4-nji iýul­da bel­le­nip ge­çil­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň da­ba­ra­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gu­ral­dy.
Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki Ko­ni-Aý­lend ada­syn­da ge­çi­ri­len jem­leý­ji bäs­le­şi­ge des­lap­ky ýa­ryş­lar­dan ýe­ňi­ji bo­lan­lar gat­naş­dy. Jem­leý­ji bäs­le­şik­de Çest­nat 72 sa­ny so­sis­ka­ly çö­re­gi iý­me­gi ba­şar­dy. Ol eý­ýäm 10 ýyl­dan bä­ri bu bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lup gel­ýär. Ge­çen ýyl ol 70 sa­ny so­sis­ka­ly çö­rek iýip­di. Bu bäs­le­şik­de ikin­ji bo­lan Kar­men Kin­kot­ti bol­sa, 62 sa­ny send­wiç iý­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şik­de-de Mi­ki Su­do taý ta­pyl­ma­ýar. Ol hem eý­ýäm bas­syr 4 ýyl­dan bä­ri bi­rin­ji­li­gi eýe­läp gel­ýär. Ol 2014-nji ýyl­da 34 sa­ny send­wiç iýip­di, her ýyl de­re­je­si­ni kö­pel­dip gel­ýär. Bäs­le­şik­de üçün­ji or­ny eýe­län Son­ýa To­mas 2012-nji ýyl­da 45 send­wiç iýip, bu ugur­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da re­kor­da eýe­dir.