Ýaponiýanyň Sikoku adasynyň demirgazyk-gündogaryndaky Kagawa prefekturasynda fermerler tarapyndan dörtburç garpyzlar ösdürilip ýetişdirildi. Olar eýýäm bu ýurtda 45 ýyldan bäri ösdürilýär. Ony, ilki bilen Sensudzi şäherjiginiň ýaşaýjylary oýlap tapdylar. Bu garpyzlar dörtburç ýagdaýda bolup, sowadyjylarda goýmaga hem amatlydyr. Ilkibada bu garpyzlar aşpezlik maksady bilen ösdürilip ýetişdirildi. Ýöne olar onçakly süýji bolmansoň, ony bezeg üçin ýetişdirip başladylar. Häzirki wagtda bu garpyzlar Kagawa prefekturasynda 5 ferma hojalygynda ösdürilýär. Üstümizdäki ýylda güneşli günleriň köp bolandygy sebäpli onuň bol hasyly alyndy. Bir garpyzyň bahasy 90 dollara barabardyr. Onuň esasy alyjylary Tokio we Osaka şäheriniň ýaşaýjylarydyr.