Birleşen Milletler Guramasynyň ýaýradan maglumatyna görä, 2030-njy ýylda dünýäniň ilatynyň sany 8,6 milliarda, 2050-nji ýylda 9,8 milliarda, 2100-nji ýylda bolsa, 11,2 milliarda golaýlajakdygy mälim edildi. Dünýäniň abraýly halkara guramasynyň çaklamalaryna laýyklykda, häzirki wagtda tutuş dünýäde 7,6 milliard adam ýaşaýar. Seljermelere görä, her ýyl dünýäniň ilatynyň üstüne 83 million adam goşulýar.
BMG-niň maglumatyna görä, şu wagt 1,3 milliard ilaty bolan Hindistanyň 2024-nji ýyla çenli 1,4 milliard ilatly Hytaýdan öňe saýlanmagyna garaşylýar. Ilaty ýokary depginlerde artýan ýurtlaryň biri-de Nigeriýadyr. Ol ilatynyň sany boýunça dünýäde 7-nji orunda durýar. 2050-nji ýylda ol ilat sany babatda 3-nji gür ilatly ýurda öwrüler. Afrika yklymyndaky 26 ýurduň ilatynyň 2 esse köpeljekdigi aýdylýar.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde 60 ýaşy arka atan adamyň sany 962 milliona deňdir. 2050-nji ýylda bu görkeziji 2 esse, 2100-nji ýylda bolsa, 3 esse köpelip, 3,1 milliarda deň bolar. Dünýäde 80 ýaşdan uly bolan gatlagyň umumy sany 137 milliona deňdir we bu görkeziji 2050-nji ýylda 425 milliona golaýlar.