ÝUNESKO täze hasabatynda sapak wagtynda tehnologiki enjamlaryň, esasan hem, smartfonlaryň we kompýuterleriň çakdanaşa ulanylmazlygy barada duýduryş berdi. Guramanyň hünärmenleri, olaryň diňe niýetlenen maksat üçin ulanylmalydygyna we bu işe ökde mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmelidigine ynanýarlar.
-Sanly özgerişligiň ummasyz mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda onuň jemgyýetde düzgünleşdirilmelidigi barada çagyryşlar öňe sürülýär. Şonuň ýaly-da, tehnologiýalaryň bilimde ulanylyşyna ünsli bolmaly. Olaryň ulanylyşy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, okuwçylaryň we mugallymlaryň zyýanyna däl-de, peýdasyna gönükdirilmelidir – diýip ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odri Azule aýtdy.
Hasabatyň awtorlary täze tehnologiýalaryň belli bir hünärleri özleşdirmek we belli bir ylmy ugurlarda bilim almak üçin bilim prosesinde peýdaly bolup biljekdigini kabul edýärler. Emma çagalara ýetirýän zyýanly täsirlerinden gaça durmak üçin mekdepler bu ugry düzgünleşdirmelidir. Talyplara halkara baha beriş maksatnamasynyň (PISA) giň gerimli barlaglarynda aragatnaşyk tehnologiýalaryndan aşa köp peýdalanmagyň okuwçylaryň ýetişikligine ýaramaz täsirini ýetirýändigi tassyklanýar.
ÝUNESKO-nyň beýanatyna görä, diňe ykjam enjamyň ýanynda durmagy hem okuwçylaryň ünsüni sowýar. Dünýäniň her dördünji ýurdunda mekdeplerde smartfonlaryň gadagan edilendigi bellenilýär. Sanawda 2018-nji ýylda bu çäräni girizen Fransiýa bar. Italiýada günüň başynda mugallymlar okuwçylaryň smartfonlaryny ýygnap alýarlar. 2024-nji ýylda Finlýandiýa we Niderlandlar hem olara goşular. ÝUNESKO mekdepleriň synp otaglarynda smartfonlaryň ulanylmagyny global derejede gadagan etmegi maslahat berýär.