Ýaponiýanyň aerokosmik barlaglary agentligi (JAXA) Aýa adam uçurmak baradaky meýillerini mälim etdi. Bu Halkara kosmos agentliginden Aýa adam ugratmak barada ýurduň ilkinji niýetidir diýip, ýurduň habar beriş serişdeleri mälim edýärler. Ýaponiýa bu maksady bir özi amala aşyrmak isleýär. JAXA-nyň maksady 2025-nji ýyla çenli NASA bilen hyzmatdaşlykda Aý orbitasynda beket gurmakdan ybarat bolup, amerikanlar hem Marsa uçmaga taýýarlygyň çäklerinde bu bekede uly gyzyklanma bildirýärler. Tokioda halkara hyzmatdaşlygynyň we tehnologiýa alyş-çalşygynyň umumy bazany gurmaga mümkinçilik berjekdigine, ol arkaly hem adamlary Aýyň üstüne ugratmagyň mümkin boljakdygyna bil baglaýarlar.
Bu maksatnama Ýaponiýanyň Bilim, sport, ylym we tehnologiýa ministrligi tarapyndan hödürlenip, ýaponlar geljek ýyl taslamanyň has jikme-jikligini anyklamagy söz berýärler. Hytaý 2016-njy ýylyň dekabrynda ýakyn birnäçe ýylda Gyzyl planeta, şeýle hem Aýa marsahod ugratmak baradaky maksatnamalaryny mälim edipdi. Hindistan Marsyň töweregindäki orbita üstünlikli zond ugradyp, 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýere iň ýakyn kosmos jisimine pilotsyz missiýasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Hindistan Russiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan soňra, bu işiň hötdesinden gelen dördünji ýurt bolar.