Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­da dur­ma­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­duň ede­bi­ýat ug­ry hem ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gin­de Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň, şol san­da pars ede­bi­ýa­ty­nyň hem uly äh­mi­ýe­ti bar. Ta­ry­hyň dür­li dö­wür­ler­de türk­men-pars ede­bi şah­sy­ýet­le­ri­niň öza­ra ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry iki hal­kyň ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gi­ne uly tä­sir edip­dir. Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň baş­ga halk­la­ryň ede­bi­ýa­ty bi­len ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ýü­ze çy­kar­mak­da pars ede­bi di­li aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyn­da arap, pars dil­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy halk­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men-pars halk­la­ry­nyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­mak­la­ry, ola­ryň her ta­rap­la­ýyn ara­gat­na­şyk et­mek­le­ri bu­la­ryň ara­syn­da iç­gin ede­bi hyz­mat­daş­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň – mil­li şyg­ry­ýe­tiň al­tyn eý­ýa­my­nyň par­lak ýyl­dy­zy, türk­men hal­ky­nyň ru­hy be­ýik­li­gi Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy, tak­my­nan, 1724-nji ýyl­da Ha­jy­gow­şan di­ýen ýer­de ene­den do­gul­ýar.
Ol ba­şar­jaň ter­bi­ýe­çi, wa­gyz-ne­si­hat­çy, fi­lo­sof-gu­ma­nist şa­hyr bo­lup, öm­rü­niň do­wa­myn­da hal­ky ag­zy­bir­li­ge we je­bis­li­ge ça­gy­ryp­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­lar di­wa­ny türk­men hal­ky üçin aý­ra­tyn äh­miýеte eýe bo­lup, türk­me­niň her bir maş­ga­la­syn­da onuň ki­ta­plarynyň bir nus­ga­sy­nyň sak­lan­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Türk­men ede­bi­ýa­tyn­da Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Pars di­li we ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça eý­ran­ly alym Mu­ham­met Aly Je­mal­za­de­niň aý­dy­şy ýa­ly, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň Fer­döw­si­si­dir, çün­ki ol türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tur­mak­da uly iş­le­ri bi­ti­ren aryf-akyl­dar­dyr».
Türk­me­niň be­ýik şa­hy­ry eser­le­rin­de yn­sa­nyň ah­lak hä­si­ýet­le­ri­ni we sy­pat­la­ry­ny gi­ňiş­le­ýin be­ýan edip, yn­sa­nyň öz-özü­ni kä­mil­leş­dir­me­gi üçin ýa­ra­maz gy­lyk­lary terk etmegi ün­de­ýär. Mag­tym­gu­ly sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len hal­ky asyl­ly iş­le­re ça­gyr­ýar. Akyl­dar şa­hyr adam­la­ry ak ýü­rek­li bol­ma­ga, ga­har-ga­zap­dan, iki­ýüz­lü­lik­den we men-men­lik­den daş­da dur­ma­ga ça­gyr­ýar. Py­ra­gy te­kep­bir­li­giň we men-men­li­giň ada­my ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra du­çar ed­ýän häsiýetdigini öňe sür­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy däp-des­sur­la­ra, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne we gym­mat­lyk­la­ra, yn­san mer­te­be­si­ne sar­pa go­ýup, bu ýö­rel­ge­ler onuň goş­gu­la­ry­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Şeý­le hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz za­ma­na­syn­da dag­la­ry, üm­mül­mez säh­ra­lyk­la­ry, te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni çe­per be­ýan ed­ýän şa­hyr hök­mün­de hem ta­nal­ýar. Ol te­bi­ga­ty iç­gin syn­la­ýan, ony düýp­li öw­ren­ýän şahs bo­lup­dyr. Ha­ýyr-sa­ha­wat, yz­zat-hor­mat, edep-ek­ram, myh­man­sö­ýer­lik, sa­hy­lyk, şeý­le-de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy we ag­zy­bir­li­gi sak­la­mak Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň öze­ni­ni dü­züp, bu ha­lat­lar onuň ýö­rel­ge edi­nen ru­hy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lup­dyr.
Py­ra­gy ede­bi­ýat äle­min­de Ny­za­my, No­wa­ýy, Ru­my, Fi­zu­ly, Ru­da­ki ýa­ly ägirt­le­re eýe­rip, türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­ny, mil­li şyg­ry­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­dy. Türk­me­nis­ta­nyň
Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň – mil­li şyg­ry­ýe­tiň al­tyn eý­ýa­my­nyň par­lak ýyl­dy­zy­dyr, wa­tan­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ide­ýa­la­ry­nyň hem-de ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň be­ýik wasp­çy­sy­dyr». Türk­men di­li­niň ta­ry­hy eý­ýam­la­ryň uzak jüm­mü­şin­den göz­baş alyp, bi­ziň döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­ten­di­gi­ne, onuň göw­rü­mü­niň şeý­le giň bo­lan­dy­gy­na, oňa pars di­li­niň we ede­bi­ýa­ty­nyň uly tä­si­ri­niň bo­lan­dy­gy­na dür­li alym­la­ryň yl­my iş­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Şa­hy­ryň asyr­la­ryň paý­ha­sy­ny özün­de sak­la­ýan şy­gyr­lar di­wa­ny bi­ziň halk­la­ry­my­zy bag­la­nyş­dy­ryp, ola­ryň ýü­rek­le­rin­de orun al­ýar. Ha­fyz, Saa­di, Möw­la­na, Se­na­ýy ýa­ly Gün­do­ga­ryň şa­hyr­la­ry­nyň hem goş­gu­la­ryn­da däp-des­sur­la­ry hor­mat­la­mak we yn­san mer­te­be­si­ni go­ra­mak ýa­ly mow­zuk­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ola­ryň goş­gu­la­ry­ny oka­nyň­da her şa­hy­ryň ge­og­ra­fik taý­dan dür­li ýer­ler­de ýa­şan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň umu­my gym­mat­lyk­la­ry­ny be­ýan et­mek­de meň­zeş­lik­ler bo­lup, müň­ýy­llyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li däp-des­sur­la­ra, asyl­ly we päk ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne deň de­re­je­de äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň.
Şa­hyr yl­my çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len Hy­wa­da, Bu­ha­ra­da oka­ýar, şeý­le-de Ow­ga­nys­tan we Hin­dis­tan ýa­ly ýurt­la­ra sy­ýa­hat ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ol Id­ris ba­ba, Gö­gel­daş, Şir­ga­zy ýa­ly öz döw­rü­niň ösen med­re­se­le­rin­de sa­pak alyp, ýo­ka­ry bi­li­me eýe bol­ýar. Öz döw­rü­niň güýç­li aly­my bo­lup ýe­ti­şen Mag­tym­gu­ly şe­ri­gat­dyr ta­ry­kat ylym­la­ryn­dan uly paý alyp, äh­li hik­met­le­ri we aýat-ha­dys­la­ryň ma­ny­la­ry­ny aras­sa türk­men di­lin­de şyg­ra ge­çir­me­giň höt­de­sin­den gel­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we onuň kyb­la­sy Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň aram­gä­hi Eý­ra­nyň Türk­men säh­ra se­bi­ti­niň Ma­ra­wa­de­pe et­ra­by­nyň Ak­to­kaý oba­syn­da ýer­leş­ýär. Bu aram­gäh küm­met-ho­wuz­ly bi­nä­gär An­na­mäm­met Ny­ýa­zy­nyň tas­la­ma­sy esa­syn­da 1999-njy ýyl­da bi­na edil­di.
2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­ny Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly bel­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de te­bi­gy be­lent­lik­de be­ýik­li­gi 60 metr, bin­ýa­dy 25 metr bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi gu­rul­dy. Şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da us­sat şa­hy­ryň eser­ler ýy­gyn­dy­sy bir­nä­çe da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, ne­şir edil­di we ola­ryň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Be­ýik ru­hy Li­de­ri Aýa­tol­la Ali Ha­mene­ýi türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­lar di­wa­ny­nyň» iki jilt­lik ýy­gyn­dy­sy­ny sow­gat hök­mün­de iber­di. Bu aja­ýyp, gym­mat­ly sow­ga­dyň ge­lip go­wuş­ma­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tyn­da da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Be­ýik şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­ler iki ýur­duň me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyn­da tä­ze ta­ry­hy sa­hy­pa­ny açar.

Na­wid Ra­su­li,
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si.