Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 22-nji Bütindünýä nebit kongresi geçirildi. 9-13-nji iýul aralygynda geçirilen halkara forumyň işine 5 müňe golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 50-ä golaý ministr we dünýäniň 100 döwletinden 500 sany iri nebit-gaz kompaniýasynyň ýolbaşçylary bar. “Shell”, BP, “ExxonMobil”, “Chevron”, “Total”, “Saudi Aramco” we SOCAR ýaly kompaniýalaryň wekilleri hem bu halkara forumyna gyzyklanma bildirdiler.
Halkara forumyň çäklerinde nebit-gaz pudagyndaky ösüşler we bu ugurda geljekki ediljek işler barada gürrüň edildi. Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak energiýa serişdelerine has köp mätäçlik çekýändiklerini mälim etdi.
– Nebit we tebigy gaz pudagy dünýäniň syýasy we ykdysady gatnaşyklaryna öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda energiýanyň alternatiw çeşmelerini gözlemek babatda köp işler alnyp barylýar. Ýöne muňa garamazdan, ýakyn geljekde-de nebit we tebigy gaz serişdeleri dünýä bazaryndaky ornuny saklap galar. Biziň energiýa bazarymyz has köp mätäçlik çekýär. Bu ugurda öňdeligi eýeleýäris – diýip, türk ministri belläp geçdi.
Bütindünýä nebit kongresi tarapyndan geçirilýän bu forumyň dowamynda dürli bölümçelerde 100-e golaý ýygnak geçirildi. Onuň çäklerinde ABŞ-nyň daşary işler ministri Reks Tillerson Bütindünýä nebit geňeşiniň ilkinji ýolbaşçysy Tomas Dýuherstiň adyny göterýän medal bilen sylaglandy. Tillerson bu baýraga mynasyp bolan 10-njy döwlet işgäri boldy. Baýragy Bütindünýä nebit kongresiniň ýolbaşçysy Ýozef Tot gowşurdy.
Bütindünýä nebit kongresi nebit-gaz senagatynyň esasy çäreleriniň biridir. 3 ýyldan bir gezek geçirilýän foruma dünýäniň ençeme ýurdundan pudaga degişli kompaniýalardyr firmalar we döwlet ýolbaşçylary gatnaşýar. Forumyň çäklerinde geçirilýän sergide bolsa, nebit-gaz pudagyndaky ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, olary ulanmagyň usullary barada gyzykly diwarlyklar ýerleşdirilýär.
2014-nji ýylda 21-nji Bütindünýä nebit kongresi Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilipdi. Oňa-da 5 müňe golaý wekiliýet gatnaşyp, olaryň hatarynda 50 pudaklaýyn ministrligiň ýolbaşçylary we 80 ýurtdan 400-e golaý iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gelipdi.