Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy “Sau­di Ara­bi­an Oil Co.” (Sau­di Aramco) ýa­kyn 10 ýy­lyň do­wa­myn­da ne­bit çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len 300 mil­liard­dan gow­rak dol­la­r ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär – di­ýip, kom­pa­ni­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Amin Nas­ser Stam­bul­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä ne­bit kong­re­sin­de mä­lim et­di. Şeý­le hem ol kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň di­ňe ne­bit çy­kar­ma­ga däl, eý­sem, äti­ýaçlyk­dan sak­lan­ýan kuw­wat­lyk­la­ra, şeý­le hem te­bi­gy ga­zyň ozal­dan do­wam edip gel­ýän göz­leg­le­ri­ne gö­nük­di­ril­jek­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, in­di­ki 10 ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da “Aramco” ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­nyň möç­ber­le­ri­ni iki es­se art­dy­rar. Kompaniýa her gün­de 23 mil­liard kub fu­to çen­li gaz çy­ka­rar we ne­ti­je­de, ýurt­da 70 gö­te­rim tö­we­re­gi elekt­rik ener­gi­ýa­sy gaz­dan ön­dü­ri­ler. Nas­ser mu­nuň äh­li G20 döw­let­le­ri­niň ara­syn­da or­ta­ça gör­ke­zi­ji­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Ol öz çy­ky­şyn­da ne­bit pu­da­gy­nyň ýene-de uzak ýyl­lap ener­ge­ti­ka­da aý­ra­tyn orun eýe­le­jek­di­gi­ni hem-de ýan­gy­jyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri­ne geç­mek üçin uzak we çyl­şy­rym­ly ýo­luň ge­çil­me­li­di­gi­ni bel­läp geç­di.
8–13-nji iýul ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len kong­re­siň işi­ne 5 müň adam, şol san­da, 50 mi­nistr, Shell, BP, Exxon­Mo­bil, Chevron, To­tal, Sau­di Aramco, SOCAR ýa­ly dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy “Sau­di Aramco” 1933-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Dah­ran­da ýer­leş­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa ýur­duň äh­li ne­bit çy­ka­ry­jy kuw­wat­lyk­la­ry­na do­ly gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ýar.