Dün­ýä­niň iň uzyn de­ňiz köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Ol Gon­kon­gy, Çžu­ha­ýy hem-de Ma­kao­ny bir­leş­dir­ýär. Gur­lu­şy­gy 7ýyl do­wam eden köp­ri­ni şu ýy­lyň ahy­ryn­da ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Onuň uzyn­ly­gy 55 ki­lo­met­re we tak­my­nan 7 ki­lo­met­ri su­was­ty tun­nel­dir. Köp­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da 420 müň ton­na po­lat ula­nyl­dy we ol muk­da­ry bo­ýun­ça 60 sa­ny Eý­fel di­ňi­ni gur­mak üçin ýe­ter­lik möç­ber­dir.
– Köp­ri äh­li teh­no­lo­gik sy­nag­lar­dan ge­çi­ril­di we ony köp­çü­lik­le­ýin ulan­ma­ga ber­mek üçin iş­ler gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da al­nyp ba­ryl­ýar – di­ýip, gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­ýär.
Bu iri çyl­şy­rym­ly des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bir bö­lü­mi deň­ziň aşa­gyn­dan geç­ýär. Ol hem öz ge­ze­gin­de, dün­ýä­niň iň uzyn su­was­ty aw­to­mo­bil tun­ne­li hök­mün­de ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da öz or­nu­ny eýeledi. 7ki­lo­met­re uza­lyp gid­ýän su­was­ty tun­nel 40metr aşak­dan geç­ýär. Bu ägirt uly tas­la­ma Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň Çžu­haý şä­he­ri bi­len Gon­kong we Ma­kao ad­mi­nist­ra­tiw et­rap­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­rul­dy.