Mongoliýada Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň iki tapgyrynyň netijesinde, ýurduň täze döwlet Baştutany saýlandy. Ol Demokratik partiýanyň dalaşgäri Haltmaagiýn Battulga boldy. Ýurduň taryhynda ilkinji gezek saýlawlaryň netijesi 2 tapgyrda mälim edildi. 10-njy iýulda täze Prezident Haltmaagiýn Battulga resmi taýdan kasam kabul edip, wezipesine girişdi.
54 ýaşyndaky Haltmaagiýn Battulga käri boýunça suratkeş. Ol şol birwagtyň özünde ýurduň sambo we dzýudo sport görnüşleriniň milli ýygyndysynyň agzasy. Ol Prezidentlige saýlanmazdan ozal, ministr wezipelerinde-de işledi. Şeýle hem telekeçilik bilen meşgullandy. Ol azyk senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda telekeçilik işini amala aşyrdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy Çingiz hanyň dünýädäki iň uly heýkelini gurmak işini alyp barýar.
– Islendik döwletiň ösmegi üçin daşary ýurt maýa goýumy we täze tehnologiýalar zerurdyr. Men gürrüňsiz daşary ýurt maýa goýumynyň akymyna goldaw bererin. Ýöne bu ugurdaky işler özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylar. Biziň goňşularymyz Russiýadan we Hytaýdan, şeýle hem beýleki ýurtlardan mongol halkynyň bähbidi üçin maýa goýumlary we täze tehnologiýalary çekeris. Meniň esasy ugrum şulara gönükdiriler – diýip, ýurduň täze saýlanan döwlet Baştutany belläp geçdi.
Sambo boýunça dünýä çempiony, suratkeş we telekeçi döwlet Baştutany Haltmaagiýn Battulganyň kompaniýasyna degişli myhmanhana we dynç alyş seýilgähi bar.
Mongoliýa parlament respublikasydyr. Prezident Ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysy hem-de Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygydyr. Ol 4 ýyllyk möhlete saýlanýar we 2-nji gezek saýlanmak hukugyna eýedir. Ýurtda 1992-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda we şol ýylyň 12-nji fewralynda güýje giren Konstitusiýa hereket edýär.