Şu ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň Merkezi saýlaw topary esasy syýasy-jemgyýetçilik çäresine gatnaşmaga isleg bildiren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 258-sini hasaba aldy. Saýlawlar 15-nji oktýabrda geçiriler we dalaşgärleri hödürlemek çäresi 15-nji iýunda başlandy. Habar beriş serişdelerini hasaba almak işi 4-nji iýulda tamamlandy. Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Prezident 6 ýyllyk möhlete bir gezek saýlanýar. Bir adam öz durmuşynda bir gezek ýurduň ýokary döwlet wezipesine saýlanyp bilýär.
Merkezi saýlaw topary köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hasaba almak işini tamamlady. 258 habar beriş serişdesi hasaba alnyp, olaryň arasynda 56 telewideniýe, 29 radioýaýlym, 116 gazet-žurnallar we 57 elektron gazeti Prezident saýlawlaryna gyzyklanma bildirdi. Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň iň ýokary döwlet wezipesine 18 dalaşgär dalaş edýär. 15 sany özbaşdak hem-de 3 syýasy partiýa öz dalaşgärlerini hödürledi. Dalaşgärleriň 26-njy awgusta çenli 30 müň gol ýygnamagy gerek. Dalaşgäri hasaba almak işi 31-nji awgusta çenli dowam eder.
2011-nji ýyldaky saýlawlara 83 dalaşgär dalaş edipdi, olaryň 23-si resmi taýdan hasaba alnypdy.