Türk­me­nis­ta­nyň Pe­kin­dä­ki il­çi­si P.Dur­dy­ýe­wyň «CHI­NA ME­DIA GROUP» döw­let agent­li­gi­niň, CCTV ka­na­ly­nyň, «The Beau­ty of Sha­red Arts» prog­ram­ma­sy­nyň baş prod­ýu­se­ri Fan Tin we onuň to­pa­ry bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň web saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
Du­şu­şy­gyň esa­sy mak­sa­dy Hy­taý­da Türk­me­nis­tan ba­ra­da gür­rüň ber­ýän on bir sa­ny 90 mi­nut­lyk do­ku­men­tal fil­mi gör­kez­mek­den yba­rat bol­dy. Film­ler türk­men hal­ky­nyň me­de­ni-ta­ry­hy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na ba­gyş­la­nar. Fil­mi okt­ýabr aýyn­da Hy­taý te­le­wi­de­ni­ýe­sin­de gör­kez­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýaý­ly­myň baş re­dak­to­ry Şao Wen­ýao hy­taý te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň iş­gär­le­ri türk­men hal­ky­nyň me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da 90 mi­nut­lyk fil­miň dü­şü­ril­ýän­di­gi­ni we onuň Hy­ta­ýyň mil­li­on­lap au­di­to­ri­ýa­sy­na gör­ke­zil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Il­çi Dur­dy­ýew Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy, şol san­da dün­ýä bel­li türk­men ha­ly­la­ry we ahal­te­ke be­dew­le­ri, şaý-sep­ler we mil­li el iş­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Şeý­le hem du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ha­ly do­ka­mak sun­ga­ty­na, ahal te­ke be­dew­le­ri­ne we beý­le­ki mil­li gym­mat­lyk­la­ra ba­gyş­lan ki­tap­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ler. Bu ki­tap­lar dür­li dil­le­re ter­ji­me edi­lip, da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­lar üçin hem el­ýe­ter bol­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men il­çi­si hy­taý­ly myh­man­la­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si», «Ga­nat­ly be­dew», «At­da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­tap­la­ry­ny sow­gat be­rip, ola­ra iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.