Eý­ran Türk­me­nis­tan bi­len üs­ta­şyr ta­rif­le­riň nyrh­la­ry­ny ar­zan­lat­mak ba­ra­da yla­laş­dy we ýurt­la­ryň ara­syn­da ýük da­şa­ma­gyň ter­ti­bi­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça işi­ni do­wam et­dir­ýär. Bu ba­ra­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­si Go­lam Ab­bas Ar­bab Ha­les TASS ha­bar­lar agent­li­gi­niň ha­bar­çy­sy­na be­ren in­terw­ýu­syn­da aýt­dy.
— Hä­zir­ki wagt­da türk­men kär­deş­le­ri­miz bi­len gep­le­şik ge­çir­ýä­ris we oňyn ne­ti­je­ler ga­zan­ýa­rys. In­di ýurt­la­ry­myz­dan üçün­ji ýurt­la­ra üs­ta­şyr gat­naw­la­ry art­dyr­mak üçin üs­ta­şyr ta­rif­le­riň nyrh­la­ry­ny ar­zan­lat­dyk — di­ýip, il­çi aýt­dy.
Şeý­le hem, Eý­ra­nyň Öz­be­gis­tan bi­len şu­nuň ýa­ly gep­le­şik­ler ge­çir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Öz­be­gis­ta­nyň Trans­port mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­şi ýa­ly, Eý­ra­nyň ýol we şä­her ösüş mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri 31-nji iýul­da Öz­be­gis­tan, Türk­me­nis­tan we Eý­ran ara­syn­da hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky res­mi­na­ma taý­ýar­la­mak bi­len bag­ly du­şu­şyk ge­çir­di­ler.