14-nji awgustda Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde Ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Patyşa Norodom Siamoni Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.