Argentinaly Lionel Messi täze kluby “Inter Maýami” bilen entek köp wagt geçmänkä ilkinji kubogyny asmana göterdi. 36 ýaşyndaky oýunçy karýerasyndaky 44-nji kubogyny gazandy.
“Inter Maýami” topary KONKAKAF Liga Kubogynyň finalynda “Neşwill” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtyndan ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde gutaryp, maýamilileriň golyny 23-nji minutda Lionel Messi, ýer eýesi hökmünde çykyş eden neşwillileriň golyny-da 57-nji minuutda Fafa Piko öz adyna ýazdyrdy. Oýundan soň goşmaça wagt oýnalmazdan toparlar penalti urgusyny ýerine ýetirdiler. Toparlaryň hersinden 10 oýuny penalti urup, “Inter Maýamide” 1, “Neşwillde” 2 futbol takyk urup bilmedi. 10-9 hasabynda öňe çykan “Inter Maýami” topary ilkinji kubogy gazandy. Bu kubok Messiniň täze klubundaky ilkinji, karýerasyndaky 44-nji kubogydyr. Ýyldyz oýunçy häzirki wagtda iň köp kubok gazanan futbolçylaryň sanawynda 1-nji orny eýeleýär.
Messi KONKAKAF Liga Kubogy ýaryşynda 7 oýunda 10 gol geçirip, bäsleşigiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Galyberse-de, ol ýaryşyň iň ökde oýunçysy baýragyna-da mynasyp boldy.