Hin­dis­ta­nyň Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­läp taý­ýar­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos gä­mi­si­niň şu gün Aş­ga­bat wag­ty bi­len 17:35-de Aýayň ýü­zü­ne gon­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Go­nuş şow­ly ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da Hin­dis­tan Ýe­riň hem­ra­sy­nyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na kos­mos en­ja­my­ny ibe­ren il­kin­ji ýurt bol­ýar. Hin­dis­ta­nyň Kos­mos Bar­lag­la­ry Gu­ra­ma­sy (IS­RO) Aýa go­nu­şyň gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­jek­di­gi­ni, hem­mä­ni, şol san­da mek­dep okuw­çy­la­ry­ny hem oňa to­ma­şa et­mä­ge ça­gyr­dy.
14-nji iýul­da uçu­ry­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos en­ja­my eme­li hem­ra­dan, go­nuş plat­for­ma­syn­dan we ýö­re­ýän mo­dul­dan yba­rat. Umu­my ag­ra­my 3,9 ton­na ba­ra­bar bo­lan top­lum­da­ky Aýyň ýü­zün­de he­re­ket et­mek üçin iş­le­nip taý­ýar­la­nan mo­du­lyň ag­ra­my 27 ki­log­ra­ma go­laý. Sans­kit­çe­den ter­ji­me edi­len paý­has­ly­lyk diý­me­gi aň­lad­ýan “Pra­gyaan” at­ly mo­dul Gün pa­ne­li bi­len iş­le­ýär.
Bu mis­si­ýa­ny esa­sy mak­sa­dy gel­jek­de Aý­da he­mi­şe­lik be­ket­ler gur­lan­da, adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy­na şert dö­ret­mä­ge ýar­dam et­jek buz göz­le­mek­den yba­rat. Bir­küç gün ozal Rus­si­ýa­nyň “Lu­na-25” at­ly kos­mos en­ja­my hem Aýyň şol se­bi­ti­ne go­laý ýe­re go­nu­şy ama­la aşyr­ma­ly­dy. Em­ma kos­mos en­ja­myn­da ýü­ze çy­kan teh­ni­ki nä­saz­lyk se­bäp­li bu sy­na­ny­şyk şow­suz ta­mam­la­nyp­dy. Mun­dan ozal 2008-nji ýyl­da Hin­dis­ta­nyň “Chand­rayaan-1” at­ly tas­la­ma­sy şow­ly ta­mam­la­nyp­dy. Em­ma 2019-njy ýyl­da­ky “Chand­rayaan-2” mis­si­ýa­sy ne­ti­je ber­män­di.
Mun­dan ozal So­wet So­ýu­zy (1959 ý), ABŞ (1962 ý) Ýa­po­ni­ýa (orbita/emeli hemra 1993 ý), Ýew­ro­pa Kos­mos Agent­li­gi (orbita, emeli hemra 2006 ý) we Hy­taý (2013 ý) kos­mos en­jam­la­ry­ny Ýe­riň hem­ra­sy­na iberipdi. Ozal­ky­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da Hin­dis­ta­nyň kos­mos en­ja­my Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na gon­du­ry­lar. Ýo­kar­da ag­za­lan ýurt­la­ryň kos­mos en­jam­la­ry Aýyň ek­wa­to­ry­na ýa­kyn ýer­le­re gon­du­ry­lyp­dy.