25-nji awgustda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 12-si gatnaşdy. Olaryň arasyndan aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda telebäsleşikde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy;
Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;
Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa,
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi;
Aýgözel Batyrowa,
Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti;
Babajan Azadowiç Rozyýew,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy;
Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory.