Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka we se­na­gat pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ýa­na­şyk çäk­le­rin­de 2 müň orun­lyk tä­ze goş­ma­ça okuw bi­na­sy­nyň, 800 orun­lyk umu­my­ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň, ýa­pyk gör­nüş­li sport des­ga­sy­nyň hem-de aý­law­ly ýol­da mo­nu­men­tiň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ola­ry döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edip, ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len şert­na­ma­ny gör­ke­zi­len bi­na­lar we des­ga­lar üçin elekt­rik, ara­gat­na­şyk, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner ul­gam­la­ry­nyň hem-de des­ga­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ýa-da tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ola­ry umu­my­şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da baş­la­mak hem-de bi­na­la­ry we des­ga­la­ry 2025-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.