Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek we onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan bi­lim eda­ra­la­ry­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, şeý­le hem dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry­ny gur­mak iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Bi­lim mi­nistr­li­gi­ne Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gö­rog­ly kö­çe­si­niň ug­run­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň 5 müň orun­lyk bi­na­lar top­lu­my­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ony döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edip, ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da «Aja­ýyp-gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len şert­na­ma­ny ins­ti­tu­tyň bi­na­lar top­lu­my üçin elekt­rik, ara­gat­na­şyk, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner ul­gam­la­ry­nyň hem-de des­ga­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ýa-da tä­ze­le­ri­ni gur­mak, ola­ry umu­my­şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da baş­la­mak we ins­ti­tu­tyň bi­na­lar top­lu­my­ny 2026-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.