Ar­gen­ti­na, Mü­sür, Eý­ran, BAE, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Efio­pi­ýa 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan BRIKS-e go­şu­lar. Bu ba­ra­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa, BRIKS-iň 15-nji sam­mi­tin­den soň ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da aýt­dy.
“Ar­gen­ti­na Res­pub­li­ka­sy­ny, Mü­sür Arap Res­pub­li­ka­sy­ny, Efio­pi­ýa Fe­de­ral De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­ny, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­ny, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­ny we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ni BRIKS-iň do­ly ag­za­sy bol­ma­ga ça­gyr­mak ba­ra­da ka­ra­ra gel­dik. Ag­za­lyk 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gir­ýär” di­ýip, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň li­de­ri aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, BRIKS gi­ňel­me­giň bir tap­gy­ry bi­len çäk­len­mez.
Şeý­le hem, BRIKS ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry “Ýo­han­nes­burg-2” diý­lip at­lan­dy­ry­lan bir­le­şi­giň 15-nji sam­mi­ti­niň jar­na­ma­sy­ny ka­bul et­di­ler. Bu ba­ra­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa mä­lim et­di. Ol BRIKS-iň dür­li nuk­daý­na­zar­la­ry bo­lan deň de­re­je­li ýurt­la­ryň hyz­mat­daş­dy­gy­ny, ýö­ne has go­wy dün­ýä­ni dö­ret­mek üçin umu­my ga­ra­ýyş­ly­dy­gy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
20-den gow­rak ýurt BRIKS-e go­şul­mak üçin ýüz tut­dy. Gel­jek­ki tä­ze ag­za­la­ryň ha­ta­ryn­da Al­žir we In­do­ne­zi­ýa hem bar. To­pa­ryň tä­ze ag­za­la­ry­ny saý­la­ma­gyň esa­sy öl­çeg­le­rin­den bi­ri, bir­le­şi­giň çä­gin­de se­bit de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün et­jek ge­og­ra­fi­ki fak­tor­dyr.
Bir­leş­di­ri­ji ýurt­la­ryň meý­da­ny se­kiz mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re çen­li gi­ňe­lip, Ýer to­ga­la­gy­nyň üç­den bir bö­le­gi­ni eýe­lär. Gu­ra­ma­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň ila­ty üç mil­liard­dan geç­ýär. Ma­li­ýe nuk­daý­na­za­ryn­dan BRIKS dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň dört­den bir bö­le­gi­ni düz­ýär.