Go­laý­da Aýa gon­du­ry­lan Hin­dis­ta­nyň “Chand­rayaan-3” kos­mos gä­mi­si il­kin­ji su­rat­la­ry­ny ibe­rip baş­la­dy. kos­mos en­ja­my esa­sy üç bö­lek­den yba­rat bo­lup, onuň bi­ri Aýyň or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýar. Beý­le­ki iki­si “Vik­ram” at­ly go­nuş mo­du­lyn­dan we “Pra­gyaan” at­ly ti­gir­li mo­dul­dan yba­rat.

Ýur­duň Kos­mos bar­lag­la­ry gu­ra­ma­sy (IS­RO) “Chand­rayaan-3”-iň Aýa go­nan­dan gys­ga agt­dan soň­ra dü­şü­ren su­ra­ty­ny ýaý­rat­dy. Su­rat­da “Vik­ram”-yň bir ta­ra­pyn­da­ky Gün pa­nel­le­ri­niň açy­lan­dy­gy­ny we ag­ra­my 26 ki­log­ram­dan gow­rak bo­lan “Pra­gyaan”-yň mo­dul­dan çy­kyp Aýyň ýü­zü­ne dü­şen­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. “Pra­gyaan” at­ly en­jam kra­ter­le­riň ara­syn­da he­re­ket edip, mag­lu­mat top­lar. Şeý­le hem Aýyň top­ra­gy­nyň hi­mi­ki dü­zü­mi­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam eder. “Pra­gyaan” top­lan mag­lu­mat­la­ry “Vik­ram”-da­ky ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry ar­ka­ly Aýyň or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýan “Chand­rayaan-2”-ä ibe­ri­ler. “Chand­rayaan-2” eme­li hem­ra­sy bol­sa bu mag­lu­mat­la­ry Ýer­dä­ki be­ke­de ibe­rer. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly kos­mos gä­mi­si 23-nji aw­gust­da Aýa gon­du­ry­lyp­dy.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2019-njy ýyl­da ibe­ri­len “Chand­rayaan-2”-niň Aýa go­nuş plat­for­ma­sy ha­tar­dan çy­kyp­dy. Şeý­le-de bol­sa, Aýyň or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýan eme­li hem­ra­sy­na ze­per ýet­män­di.
“Chand­rayaan-3”-iň de­giş­li en­jam­la­ry­nyň Aýa gon­du­ryl­ma­gy bi­len Hin­dis­tan ABŞ, ozal­ky So­wet So­ýu­zy we Hy­taý­dan soň­ra Aýa kos­mos en­ja­my­ny gon­du­ryp bi­len dör­dün­ji ýurt, Aýyň Gü­nor­ta pol­ýu­sy­na en­jam gon­du­ran il­kin­ji ýurt bo­lup­dy.