21-nji ap­rel­de paý­tag­ty­my­zyň şäher hä­kim­li­gi­niň bi­na­syn­da, Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de, Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de we Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy.
Da­ba­ra hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem-de Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ins­ti­tut­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.
Tä­ze ki­tap ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my my­na­sy­bet­li türk­me­nis­tan­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy. Tä­ze ki­ta­by il­kin­ji bo­lup şol gün Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­myn­da bo­lan da­ba­ra­ly çä­rä gat­na­şy­jy­lar al­dy­lar.
Tä­ze ne­şi­riň mak­sa­dy ahal­te­ke be­de­wi­ni türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da gör­kez­mek­den yba­rat­dyr. Ahal­te­ke be­de­wi türk­men te­bi­ga­ty we yn­san ze­hi­ni bi­len dö­re­di­len gud­rat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu söz­le­ri ki­ta­byň ma­ny-maz­mu­ny­ny kes­git­le­di. Ki­tap “Dün­ýä­niň wa­jyp­ly­gy”, “Ga­dy­my­ýe­tiň se­da­sy”, “Türk­me­niň ru­hy baý­ly­gy”, “Gö­zel­li­giň syr­ly dün­ýä­si”, “Ebedi mi­ras”, “At-my­rat”, “Ta­ry­hyň için­dä­ki ta­ryh” at­ly bö­lüm­ler­den yba­rat­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ese­rin­de köp­ýyl­lyk bar­lag­lar, pi­kir ýö­ret­me­ler, ta­ry­hy we ede­bi mag­lu­mat­lar jem­le­nen­dir. On­da aw­to­ryň at­çy­ly­gyň mil­li däp­le­ri ba­ra­da­ky çuň­ňur bi­lim­le­ri, türk­men be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nan na­kyl­lar­da, pä­him­ler­de we pa­ra­sat­ly söz­ler­de öz be­ýa­ny­ny ta­pan halk pä­hi­mi­niň ägirt uly baý­ly­gy şöh­le­len­ýär.
Ki­ta­byň kom­po­zi­si­ýa­sy aw­to­ra hä­zir­ki döw­ri hem-de ta­ry­hy bir sa­pa­ga düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, oky­jy­ny mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň geç­mi­şi, şu gü­ni we gel­je­gi ba­ra­da­ky pi­kir dö­ret­me­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ki­ta­by­nyň ba­şyn­da: “Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­ly­gy­na bo­lan ynam ra­ýat­la­ry­my­zyň bo­le­lin dur­mu­şy me­niň ýa­şa­ýyş ba­bat­da­ky ýö­rel­ge­le­ri­miň tu­tuş maz­mu­ny­ny eýe­le­ýär. Si­ze dün­ýä, he­re­ket, tiz­lik, men­zil ha­kyn­da be­de­wiň ga­dy­my­ly­gy, onuň gö­wün syr­da­şy­na öw­rü­lip git­me­gi dün­ýä tiz­lik be­ri­ji güý­jüň be­dew­de bo­lan­ly­gy üçin­dir” di­ýip, il­deş­le­ri­mi­ze ýüz­len­ýär.
Tä­ze ki­tap türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne paý­has­ly ga­raý­şy­nyň dün­ýä­si­ne tä­sin sy­ýa­hat­dyr. Ki­ta­byň çe­per di­li ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Ol aw­to­ryň be­hiş­di be­dew­le­re—asyr­la­ryň do­wa­myn­da türk­men­le­riň we­pa­ly dos­tu­na bo­lan çuň­ňur söý­gü­si­ni şöh­le­len­dir­ýär. Tä­sin be­dew­le­riň de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk gö­zel­li­gi­ni şöh­le­len­di­ren aja­ýyp su­rat­lar ki­ta­ba öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­ýar.
Ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­la­ry­nyň bar­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tä­ze ne­şir mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek işin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. At­çy­lyk ul­ga­myn­da­ky däp-des­sur­lar bol­sa şol mi­ra­syň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de ne­şir edi­len “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly ki­tap mag­lu­mat­la­ra baý­ly­gy, wa­ka­la­ryň düýp­li hem-de düş­nük­li be­ýan edil­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň Met­bu­gat top­lu­my mer­ke­zin­de ýo­ka­ry çap­ha­na de­re­je­sin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len bu ne­şir giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­dir.