31-nji aw­gust­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek we ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da ýo­ka­ry bi­lim­li, giň göz­ýe­tim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­la­ry, ser­gi­le­ri, bäs­le­şik­le­ri, olim­pia­da­la­ry ge­çir­me­giň oňyn tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Olar ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň 14—17-si ara­ly­gyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly Hi­mi­ýa der­si bo­ýun­ça II hal­ka­ra in­ter­net olim­pia­da­sy­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Oňa ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry, şeý­le hem Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, ABŞ-nyň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Be­la­ru­suň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň hem-de beý­le­ki döw­let­le­riň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş­lar gat­na­şar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­nyň hal­ka­ra olim­pia­da­la­ryň bir­nä­çe­si­ne üs­tün­lik­li gat­na­şan­dyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di we san­ly ul­gam ar­ka­ly hi­mi­ýa der­si bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek olim­pia­da­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy üçin äh­li çä­re­le­ri gör­me­gi wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.