Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Häzirki döwürde Özbegistan Respublikasy syýasy, durmuş-ykdysady we beýleki ugurlarda öňe gitmek hem-de gülläp ösmek ýoly bilen ynamly barýar. Biz ýakyn goňşymyzyň gazanýan üstünliklerine begenýäris» diýlip hatda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn hem-de durnukly häsiýete eýedigini, giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.