“Toyota Motor” awtoulag öndürijisi üstümizdäki ýylyň 12 aýynda ilkinji gezek 10 milliondan gowrak awtoulag öndürer. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habarly çeşmelere salgylanyp habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, meýilnamada 10,2 million awtoulag diýlip kesgitlenildi. Olardan 3,4 million awtoulag Ýaponiýanyň öz içinde, ýene-de 6,8 million awtoulag daşary ýurtlardaky awtoulag kärhanalarynda ýerlerinde öndüriler. Şeýlelikde, bu görkezijiler, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde 30% we 10% ýokarlanar.
Eger-de meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilse, “Toyota Motor”-yň ýyllyk öndürýän awtoulag sany ilkinji gezek 10 milliondan geçip biler. Ýylda 9,05 million ulag öndürilip goýlan öňki rekord 2019-njy ýyla degişli. 2025-nji ýyla çenli “Toyota Motor” önümçiligi ýylda 11 million awtoulaga ýetirmegi meýilleşdirýär.
“Toyota” toparyna girýän kompaniýalar tarapyndan öndürilýän “Daihatsu” arzan markasy we “Hino” awtoulaglar hem-de awtobuslar brendi bilen birlikde ýylda 10 million awtoulag öndürmeli diýen sepgitden 2013-nji ýylda geçdi.
Kompaniýa pandemiýa döwründe pese gaçandan soň, häzirki wagtda göwrümini barha artdyrýar. Şeýlelikde, 2020-nji ýylda bary-ýogy 7,9 million awtoulag, 2021-nji ýylda bolsa 9,02 million awtoulag öndürildi.