Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we şeýlelikde, täze desga açyldy. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girdi hem-de Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.
Akademiýanyň düzüminde iki fakultet: döwlet dolandyryş fakulteti hem-de hünär ýokarlandyryş fakulteti hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra: Döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu Akademiýa şu ýyl özüniň 15 ýyllygyny belleýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen Akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.