Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň etegindäki Žukowsk aerodromunda MAKS-2017 atly awiasiýa we kosmos pudagyna degişli halkara sergi geçirilýär. Ol 18-nji iýulda başlady we ertir öz işini tamamlaýar. Dünýäniň iri awiaforumlarynyň biri hökmünde kabul edilýän sergä ABŞ, Fransiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Germaniýa, Eýran, Beýik Britaniýa we beýleki ençeme döwletlerden 790-a golaý kompaniýa gatnaşdy.
2 ýyldan bir gezek geçirilýän sergi 13-nji sapar guralýar. Onuň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Wladimir Putin hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy. Dabarada çykyş eden rus lideri Wladimir Putin halkara forumyň ýokary derejä çykarylandygyny we aerokosmos tehnikalarynyň muşdaklary üçin garaşylýan wakalaryň birine öwrülendigini mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, serginiň diwarlyklarynda rus we daşary ýurt kompaniýalarynyň awiasiýa we kosmos pudaklaryna degişli soňky tehnologik işläp düzmeleri ýerleşdirildi. Rus lideri aerokosmos toplumynyň döwrebap derejede ösdürilmegi üçin döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň berilýändigini belläp, raýat awiasiýa ulgamynda täze uçarlary öndürmäge girişendiklerini aýtdy.
Mundan ozalky MAKS halkara forumlaryna gutlag iberen Russiýanyň Prezidentiniň soňky ýyllarda bu iri göwrümli çärä hut özi gatnaşýar. 25 ýyl mundan ozal, Moskwa oblastynyň Žukowsk şäherinde “MosAeroŞou” ady bilen geçirilip başlanan halkara forum häzirki wagtda dünýä möçberinde esasy iri çäreleriň birine öwrüldi. Wladimir Putin serginiň çäklerinde birnäçe diwarlyga aýlanyp gördi. Ol Fransiýanyň “Safran” kompaniýasynyň, Germaniýanyň Maks Planka adyndaky fizika institutynyň “eROSITA” rentgen teleskopy hem-de “Boeing” şereketiniň diwarlyklaryndaky tehnologiýalar bilen gyzyklandy.
Ýer eýeleri Russiýanyň kompaniýalary häzirki zaman raýat uçarlaryny we dikuçarlaryny köpçülige görkezdi. “Ansat”, “Ка-32А11ВС”, “Mi-8AMT” we “Mi-38” kysymly raýat dikuçarlary bilen bir hatarda, “Sukhoi Superjet 100” hem-de “МС-21-300” kysymly uçarlar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da serginiň çäklerinde uçarmansyz uçýan enjamlaryň hem dürli görnüşleri görkezildi.
Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogoziniň bellemegine görä, Russiýanyň öndürýän “МС-21” ýolagçy uçarlaryna islegiň barha artýandygy we häzirki wagta çenli 205 sany sargyt alnandygy mälim edildi.
Dünýä belli iri awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” bu sergide özüniň “A350-900” kysymly uçaryny görkezdi. Bu laýner görkezme uçuşyny amala aşyrdy.
MAKS awiasalony 1993-nji ýyldan bäri 2 ýylda bir gezek geçirilýär. Ol öz ugry boýunça dünýäniň uly halkara forumlarynyň birine öwrüldi.