Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary wezipesine şweýsariýaly diplomat Tomas Greminger saýlandy. Ol mundan ozal, Şweýsariýanyň bu guramanyň hemişelik wekili bolup işledi. Bu barada guramanyň Wena şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy tarapyndan habar berildi.
Awstriýanyň döwürleýin başlyklyk edýän möwsüminde ÝHHG-niň ministrler geňeşi baş sekretary saýlamak hakynda karara geldiler. Guramanyň hemişelik geňeşi 12-nji iýulda 57 ýurduň daşary işler ministrleriniň tassyklamagy üçin guramanyň 4 sany ýolbaşçylyk wezipesi üçin dalaşgärleri hödürledi. 5 günüň dowamynda ministrler geňeşi dalaşgärleri öwrenip, bu barada karar kabul etdiler. 18-nji iýulda guramanyň esasy 3 institutynyň ýolbaşçylary wezipesine girişdi. ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň başlyklygyna Islandiýanyň ozalky daşary işler ministri Solrun Gisladottir, milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarlygyna guramanyň şu wagtky baş sekretary Lamberto Zanýer, guramanyň metbugat azatlygy boýunça wekili wezipesine fransiýaly diplomat Arlem Dezir saýlandy.
ÝHHG-niň baş sekretarlygyna Şweýsariýanyň bu guramanyň çäklerindäki ozalky hemişelik wekili Tomas Greminger, Belarusyň wekili Ýelena Kupçina, Gazagystanyň ozalky daşary işler ministri Erlan Idrisow, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ozalky başlygy, Finlýandiýanyň ozalky daşary işler ministri Ilkka Kanewra we ozalky Ýewropa komissary Ştefan Fýule dalaşgär görkezilipdi. Guramanyň ozalky Baş sekretary Lamberto Zanýeriň wezipe möhleti 2017-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanypdy.