Garward uniwersitetiniň alymlary Beýik Britaniýada pergamente ýazylan ABŞ-nyň Garaşsyzlyk jarnamasynyň ikinji nusgasyny ýüze çykarandyklaryny mälim etdiler. Habar berilmegine görä, bu resminamany Angliýanyň Çiçester şäheriniň döwlet arhiwinden bilermenler Daniel Allen we Emili Snef dagy ýüze çykarypdyrlar. Olar britan kataloklaryndan jarnamanyň hakyky nusgasyny gözläp ýörkäler, pergament görnüşiniň üstünden barypdyrlar. Alymlar bu adaty bolmadyk resminamany öwrenip, golýazma jarnamanyň 1780-nji ýyllarda Nýu Ýorkda ýa-da Filadelfiýada ýazylan bolmagynyň mümkinligi baradaky pikire geldiler. Ol üçünji gersog Riçmond ady bilen tanalýan britan harby işgäri we syýasatçysy Çarlz Lennoksa degişli bolup, resminama 1956-njy ýylda haýsydyr bir hukuk boýunça işleýän şereketiň işgäri tarapyndan arhiwe gowşurylypdyr.
Alymlar pergamentiň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk jarnamasyna ilki gol çekenleriň biri, şotland hukukçysy Jeýms Uilsona (1742-1798) degişli bolandygyny aýdýarlar. ABŞ-nyň Garaşsyzlyk jarnamasy 1776-njy ýylyň dördünji iýulynda kabul edildi. Bu sene Birleşen Ştatlaryň özbaşdak döwlet hökmünde döredilen güni hasaplanýar.