6-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ola­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, Mil­li go­şu­ny­my­zyň har­by bö­lüm­le­rin­de Wa­ta­ny­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ser­ker­de­le­riň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi, göw­ne­jaý ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ha­sa­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de asu­da dur­mu­şyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li hök­mün­de çy­kyş ed­ýän Har­by dokt­ri­na­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly ul­ga­my iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň no­bat­da­ky se­ne­si my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Baş pro­ku­ror S.Mä­lik­gu­ly­ýew şu ýy­lyň ýan­war-aw­gust aý­la­ryn­da pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça de­giş­li mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nu­ny­ly­gy üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak üçin anyk çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ka­nun­la­ryň hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne yg­ty­bar­ly pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ber­jaý edil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, Baş pro­ku­ra­tu­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak, je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek we ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem mi­nistr­li­giň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li gul­lu­gy, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy, dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, ha­sa­bat döw­rün­de ulan­ma­ga ber­len dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Şeý­le hem IIM-niň ýol­baş­çy­sy, däp bol­şy ýa­ly, sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ta­kyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin döw­re­bap usul­la­ry, san­ly ul­ga­my iş­jeň ulan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Ilat ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek hem gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­ler bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de, döw­rüň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny na­za­ra alyp, dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­riň işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak we dur­muş mak­sat­ly me­se­le­le­ri yzy­gi­der­li çöz­mek ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe gör­kez­me­ler be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le ba­ra­da du­rup ge­çip, mi­nist­re bel­le­nen äh­li çä­re­le­riň, aý­ra­tyn-da, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ulag gat­naw­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­mak, ýo­lag­çy­la­ryň, sü­rü­ji­le­riň ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry ba­ra­da ha­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da­ky çä­re­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den ulan­ma­gyň ha­sa­by­na mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu ul­ga­my ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da­ky äh­li iş­ler ka­nun­çy­ly­gyň berk ber­jaý edil­me­gi­ne, ada­lat­ly­ly­ga we hu­kuk ter­ti­bi­niň berk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri­ni, şert­le­ri­ni ara­dan aýyr­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­dir. Ka­zy­ýet ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­li­dir, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ma­ly­dyr di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy nyg­ta­dy we Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ha­sa­bat döw­rün­de mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len anyk çä­re­ler, eda­ra üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň me­se­le­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny go­ra­ma­gyň, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň, onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gyň mi­nistr­li­giň işi­niň mö­hüm ugur­la­ry­dy­gy­ny nyg­tap, mi­nist­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, eda­ra­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ser­het go­şun­la­ry­nyň işi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň, ser­het bi­rik­me­le­ri­ni öň­de­ba­ry­jy har­by teh­ni­ka­lar we en­jam­lar bi­len üp­jün et­me­giň, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň, has mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry sö­weş­jeň tä­lim­li ser­ker­de­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­le­riň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dy­gy­na ün­si çek­di. Bi­ziň ser­het­le­ri­miz goň­şy ýurt­la­ryň äh­li­si bi­len dost­lu­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň ser­het­le­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy hem-de gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ýol­baş­çy­lyk ed­ýän mi­nistr­li­gi­niň şu ýy­lyň ýan­war-aw­gust aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, mil­li ka­nun­çy­ly­gy hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­me­giň ha­sa­by­na ony hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem de­giş­li mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, bi­te­wi san­ly ul­ga­my dö­ret­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hu­kuk ul­ga­myn­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­giň we or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ka­nun­la­ry mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny yzy­gi­der­li sel­jer­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de bu gul­lu­gyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, döw­re­bap iş usul­la­ry­ny we san­ly ul­ga­my ulan­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da Wa­ta­ny­my­zyň eýe­le­ýän geost­ra­te­gik or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bu eda­ra­nyň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, bu eda­ra­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, onuň işin­de in­no­wa­si­on usul­la­ry we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni öw­ren­mä­ge hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mej­li­si jem­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na yg­rar­ly­dyr hem-de dün­ýä­niň döw­let­le­ri­dir halk­la­ry bi­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýar. Şu ýö­rel­ge­ler­den ugur alyp, Har­by dokt­ri­na­myz di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu dokt­ri­na­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­züm­le­ri mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ri­ler, Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by ber­ki­di­ler, har­by gul­luk­çy­la­ryň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň gul­luk hem-de ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ry­lar.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.