Her bir bäbegiň ukusy dürli-dürli bolsa-da, ösüşine görä belli bir hepdelerde uky alamatlary üýtgäp başlaýar. Bäbekleriň uky düzgünleri aýdan-aýa, hepdeden-hepdä üýtgäp bilýär. Bir ýaşa ýetmedik bäbekler ulular bilen deňeşdirilende has ýeňil uklaýarlar. Ukusynyň köp bölegini «asuda ukuda» däl-de, «işjeň ukuda» geçirýärler. Işjeň ukuda bäbekler asuda dem alyp, erkin ýagdaýda ýatýarlar. Gabaklaryny doly ýapmaýandyklary üçin gözi bilen «jyklap» ýatýarlar. Şol sebäpli olar pyşyrdyly sese ýa-da ýuwaş herekete aňsatlyk bilen oýanyp bilýärler.
Bäbekler 3 aýa çenli nädip uklaýarlar?
Täze doglan bäbekler 3 aýa çenli gijesine we gündizine ýygy-ýygydan
30-40 minut aralykda uklaýarlar. Şeýlelikde, olar günde 8-18 sagat uklap bilýärler. Emma ýygy-ýygydan iýmitlenmeli bolany üçin wagtal-wagtal oýanyp, täzeden uklaýarlar. Bäbekler ilkibaşda gije bilen gündiziň tapawudyny bilmeýärler. Altynjy hepdeden soň gije bilen gündizi tapawutlandyryp başlaýarlar. Şol sebäpli bäbejigiň hossarlary gijesine uklamagy, gündizine bolsa ýagtylyga öwrenişip, işjeň ýagdaýda bolmagy öwretmeli bolýarlar.
3-6 aýlyk bäbekler nähili uklaýarlar?
Üçünji aýyny dolduran bäbekler adatça gündizine 3 gezek uklaýarlar. Her uky
2 sagat töweregi bolup, bir günüň dowamynda 14-15 sagat uklaýarlar. 3 aýdan soň bäbekleriň gijeki ukusy uzynlaşyp, has çuňňur uka gidýärler. Gijelerine ýygy-ýygydan iýmitlenmeli bolansoň, her 2-3 sagatdan, käte 1-2 sagatdan oýanýarlar.
6-12 aýlyk bäbekler näçe wagt uklaýarlar?
6 aýdan soň bäbekleriň uky düzgünleri uly adamlaryň uklaýşyna meňzäp başlaýar. Olar her gün 13 sagat töweregi uklaýarlar. 6 aýlyk bäbekleriň gündizki ukusy peselip başlaýar. Gündizine, takmynan, 2 gezek uklaýarlar hem-de 1-2 sagatdan oýanýarlar. Olar gündizini işjeň ýagdaýda geçirip, esasan, gijesine ýatýarlar. Iýmitlenmek üçin gijelerine oýanmagyň ýygylygy hem azalyp başlaýar. Bu aýlarda bäbekler ata-enelerine has ünsli bolýarlar. Olar hüwdi diňläp ýatmagy, süýji sözleri eşitmegi, özüne has köp üns berilmegini gowy görýärler. 6-12 aý aralygyndaky bäbekler hossarlarynyň gujagynda uklasalar, özlerini rahat duýýarlar. 6 aýlykdan soň bäbegiň ukusy üçin gün tertibini döretmek onuň saglygy üçin möhümdir. Gündizine arassa howada aýlamak, gijesine uky wagtyny sazlamak bäbegiň kadaly ösüşine we özüni rahat duýmagyna ýardam edýär.
12 aýlyk bäbekler nädip uklaýarlar?
12 aýlyk bäbekleriň ukusy doly kadalaşýar we çuňlaşýar. Olar gündizine bir ýa-da iki gezek uklaýarlar. 12 aýlyk bäbekler gije 1-2 gezek oýanyp, 12 sagat uklap bilýärler.