Hytaýyň tebigy gaz importy iýul aýynda 14,12 milliard kub metre ýetdi we bu aý üçin iň ýokary derejäni täzeledi diýip, “Interfaks” HHR-niň gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Bu görkeziji geçen ýylyň iýuly bilen deňeşdirilende, 23% ýokarlandy we 2021-nji ýylyň iýul aýyndaky rekorddan 11,4% ýokarlandy. Şeýlelikde, Hytaý yzly-yzyna dördünji aý, importyň iň ýokary görkezijilerini täzeleýär.
Bilermenler bu ýagdaýy pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň kem-kemden ýatyrylmagy we ykdysadyýetiň dikelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Iýulda Hytaý suwuklandyrylan gazyň 6,2 million tonna golaýyny satyn aldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30% artykdyr.
Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gaz, esasan, Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Mýanmadan eltilýär. 2023-nji ýylda Hytaýyň ýylyň ahyrynda gaz importynda Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazy iň köp sarp ediji hökmünde öňdebaryjy bolup biljekdigi bellenilýär. Awgust aýynyň ahyrynda Hytaýyň iki aýyň içinde BRIKS ýurtlaryndan 57,86 milliard dollarlyk energiýa serişdelerini satyn alandygy belli boldy.