Öz ta­ry­hy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni Ýer ýü­zün­de ta­na­ma­ýan ýok­dur. Guş ýa­ly ýyn­dam, adam dek duý­gur, ga­myş­gu­lak, sy­rat­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne owa­dan­lyk­da, eýe­si­ne we­pa­ly­lyk­da, çy­dam­ly­lyk­da, duý­gur­lyk­da taý ta­pyl­ma­ýar.
Türk­men hal­ky be­dew at­la­ry­ny ga­dym eý­ýam­lar­dan bä­ri dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lap­dyr­lar. Şo­nuň üçin “Er­tir tur-da, ata­ňy gör, ataň­dan soň aty­ňy” ýa­ly na­kyl­la­ryň dö­re­me­gi hem ýö­ne ýer­den däl­dir.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­men ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne uly üns ber­lip baş­lan­dy. Mu­ňa ýur­du­myz­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän at­çy­lyk top­lum­la­ry, at ça­py­şyk­la­ry üçin aý­law­la­ry aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Şeý­le hem her ýyl döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýän Türk­men bedewiniň baý­ra­my my­na­sy­bet­li be­dew­le­riň gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ril­me­gi bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
At-owa­za­sy, şan-şöh­ra­ty dün­ýä do­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri hak­da dün­ýä­niň gör­nük­li alym­la­ry ahal­te­ke aty­nyň ta­ry­py­ny dil­den dü­şür­män­dir­ler. “Uzuk­dan-uzuk sy­na­la­ry, at ja­na­we­riň dem al­şy, güýç-kuw­wa­ty­nyň şeý­le­kin dyň­zap dur­şy, göw­re­si­niň mä­käm saz­la­şy­gy türk­men be­de­win­den gaý­ry dün­ýä­niň hiç bir atyn­da ýok” di­ýip, fran­suz aly­my Ga­ýo haý­ran ga­lyp­dyr. “Türk­men­ler­de be­dew ata aýa­gy bi­len de­pip, sö­weş ma­ha­ly eýe­si­ne ýar­dam ber­me­gi ýa-da üs­tün­dä­ki es­ge­riň yşa­ra­ty bi­len duş­ma­na to­pu­lyp, oňa di­şi­ni ur­ma­gy öw­ret­mek ada­ty bir zat sa­ýyl­ýar”- di­ýip, meş­hur iň­lis sy­ýa­hat­çy­sy J.Fre­zer ýa­zyp­dyr.
Türk­men­ler­de ül­ke­dir şä­her­le­riň, oba­dyr kent­le­riň ara­syn­da ha­bar­la­ry, hat­la­ry, per­man­la­ry alyp gid­ýän “Ça­par at­la­ry”, uzak ara­lyk­la­ra gid­ýän “Men­zil at­la­ry”, baý­ram­lar­da, toý­lar­da we beý­le­ki da­ba­ra­lar­da hyz­mat ed­ýän “Da­ba­ra at­la­ry”, ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk­la­ryň at ça­py­şyk­la­ry­na gat­naş­ýan “Ça­pyş at­la­ry” bo­lup­dyr.
Has ga­dy­my ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne ser sa­la­ny­myz­da-da türk­men be­dew­le­ri­ne de­giş­li ýaz­gy­la­ra köp duş gel­ýä­ris. Gy­rat Gö­rog­ly beg türk­me­niň soň­ky de­mi­ne çen­li we­pa­ly syr­da­şy, ömür­lik hem­ra­sy. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy “Ol nä­me­dir adam ýa­ly syz­ýar?” diý­mek bi­len be­de­wiň türk­men ýi­gi­di­niň hos­sa­ry­dy­gy­ny çe­per söz­ler ar­ka­ly be­ýan ed­ýär.
Hal­ky­my­zyň be­ýik sun­ga­ty­dyr-we­pa­dar be­dew­le­ri­mi­ziň mer­te­be­si bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. Bu gün be­hiş­di be­dew­le­ri­miz gö­zel paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat mer­kez­le­ri­miz­de bi­na edi­len aja­ýyp at­çy­lyk top­lum­la­ryn­da se­ýis­len­ýär. Di­ňe bir at­lar ba­ra­da däl, eý­sem, us­sat se­ýis­ler, ça­pyk­su­war­lar, at­şy­nas­lar ba­ra­da hem döw­let de­re­je­sin­de uly ala­da edil­ýär.
Be­dew keş­bi­niň döw­let Tug­ra­myz­da ýer­leş­di­ril­me­gi hal­ky­my­zyň oňa bo­lan be­lent hor­ma­tyn­dan ny­şan­dyr.
Şa­my­rat Mu­ham­met­gur­ba­now,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň ta­ly­by.