Hawa, bu ajaýyp jümle merdana türkmeniň gadym zamanlardan bäri janyndan, hany-manyndan eý görýän bedewini ezizleýän sözleriniň biri. Çünki dal bedew taryhy döwürlerde aldym-berdimli söweşlerde, kowha-kowluklarda türkmeniň halasgäri bolupdyr. Parahatlyk döwürlerde toý-baýramlaryň bezegi bolup, onuň şatlygyna-şatlyk, ruhuna ruh goşupdyr. Pähimdar halkymyz baryp-ha, Görogly zamanlaryndan bäri behişdi bedewlerimiziň tohumyny ýitirmän, şu bagtyýar zamanamyza alyp gelmegi başarypdyr.
Türkmen bedewi hakdaky ýazgylary biz gadymy Rim taryhçysy Plutarhyň, grek imperatory Filip II, onuň ogly Aleksandr Makedonskiý (Isgender Zülkarnaýn) hakdaky ýazgylardanam okap bilýäris. Beýik alymyň ýazmagyna görä, Isgenderiň ömürboýy münen aty – Bussepaly (Bugahal) ol heniz taýçanakka Filip II Eýrana gelende, Nusaýdan eltip sowgat beripdirler. Diýseň sarç taýçanagy diňe ýaş imperator Isgender agyzdyryklamagy, seýslemegi başarypdyr. Türkmen bedewi hakdaky ýazgylar özbaşyna bir kitapdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana halkymyza bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewine täze döwran dolandy. Gözel paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde iň häzirki zaman bedew, atçylyk esbaplary, çapuw ýollary, dükanlar bilen üpjün edilen sport toplumlary guruldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz yglan edilen badyna döredilen döwlet Tugramyzda bedew atyň şekillendirilendigi, häzirki döwürde her ýylyň aprel aýynyň üçünji ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň gününiň baýaram edilýändigi, “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň döredilendigi, gözel Diýarymyzda atlaryň 25 müňe golaýynyň idedilýändigi bagtyýar zamanamyzda türkmen bedewine goýulýan uly hormatdan habar berýändir.
Şu ýylky Bedew baýramçylygymyz şanly wakalara beslendi.
14-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da ýaýmak maksadynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyryldy.
Dünýä ýüzi asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine we ajaýyplygyna, ýyndamlygyna we çydamlylygyna haýran galyp geldi. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiziň keşbi bäsleşige gatnaşyjylary ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyryp, şol işler baýramçylyk sergisiniň esasyny düzdi.
Sergide ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň 400-e golaýy görkezildi. Sungatyň özboluşly we ýokary çeperçilik eserleri bolup durýan suratlarda, haly önümlerinde we pannolarda ady äleme dolan ahalteke bedewiniň keşbi janlandyrylýar.
Şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň baş gahrymanlary bolan türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar asyrlarboýy wasp edilýän bedewlere egsilmez söýgi bilen birleşdi.
Behişdi bedewlerimizi bezemek üçin niýetlenen zergärçilik önümleri işleriň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Olar altyndan we kümüşden ýasalyp, gymmatbahaly daşlar bilen sünnälenipdir. Bürünçden, gipsden we beýleki serişdelerden ýasalan bedewleriň heýkelleri bolsa, biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, ahalteke atlarynyň gözelligini we syrdamlygyny beýan edýän bir bitewi kompozisiýany döredýär.
Ajaýyp bedewler hakynda ençeme rowaýatlar we tymsallar ýazylyp, olara ady belli türkmen şahyrlarynyň goşgulary, meşhur aýdymlaryň ençemesi bagyşlandy.Bu täsin jandarlara bolan söýginiň çägi ýokdur we halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aldy.
Giň sergi zalynda köpasyrlyk atçylyk däpleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň, atçylyk sportunyň ösüşi barada gürrüň berýän fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Ýurdumyzyň dizaýnerleri hem şu günki sergini döredijilik ylhamlary bilen baýlaşdyrdylar. Olaryň taýýarlan, hatarynda hökman at hem bolan küşt çöpleriniň özboluşly çeperçilik kompozisiýasy 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, küşt boýunça bäsleşikler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
19-njy aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda – Köpetdagyň eteginde Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan däp bolan marafon çapyşygy geçirildi. Marafon ýaryşynyň öň ýanynda türgenlere we tomaşaçylara, bu ýere ýygnanan daşary ýurtly myhmanlara belli türkmen aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar görkezildi. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň Estoniýadan gelen baş emin Kaýdo Rusett 25 sany çapyksuwary meýdança çagyrdy we ýaryşa badalga berdi.
Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, olarda aralyk pellehanalar goýuldy. Çapyşyk mahalynda bedewlere lukmançylyk gözegçiligi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça alnan görkezijileriň halkara kadalaryna laýyk gelmegi zerur bolup durýar. Bedewler diňe bir ýokary tizligini görkezmek bilen çäklenmän, çydamlylygyny hem subut etdiler.
Munuň özi ahalteke bedewlerine bu aralygy ýokary görkezijiler bilen jemlemäge mümkinçilik berdi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen her ýyl bilelikde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň ýokary abraýyny oňa gatnaşyjylaryň düzümi nobatdaky gezek tassyklaýar. Foruma dünýäniň atçylyk pudagyna wekilçilik edýän 25 döwletinden öňdebaryjy kompaniýalaryň we şereketleriň ýüzden gowragy bar.
Serginiň umumy giňişligi atçylyk sporty, tohum köpeldiliş, aýlaw işi, weterinariýa ýaly bölümleri, şeýle hem atşynaslar we çapyksuwarlar üçin harytlary – degişli esbaplary, at iýmlerini we azyklyk goşundylary, lukmançylyk enjamlary, athanalar üçin serişdeleri, atyň lybaslaryny, deri we demir önümlerini özünde jemleýär.
Uly wekiliýetleriň biri – düzümine 30-a golaý kompaniýalaryň, seýisler toparlarynyň, gurluşyk firmalarynyň (“Caspian Way/ Tilke!”, Röwer & Rüb”, “Laake GmbH”), iým, ýörite enjamlary öndürijileriň wekilleri giren Germaniýadan bolan wekiliýet atçylyk fermalarynyň işi (“Kneilmann”), at sport ýaryşlary, atçylyk syýahatçylygy hem-de halaýanlaryň at çapmagy, şeýle hem auksionlar üçin zerur bolan önümleriň we hyzmatlaryň giň görnüşini görkezdi. Käbir hususy atçylyk kärhanalarynyň (“Alicento”) ahalteke tohumyndan bolan bedewleri edinmäge meýillidikleri bellärliklidir. Çapyksuwarlar üçin serişdeler we egin-eşikler (“Pferde Mensch”, “Equick”), athana enjamlary, bedewleri daşamak üçin awtoulaglar, atlara ideg etmek üçin serişdeler, şol sanda derman we witaminleşdirilen serişdeler (“EWV Freies”, “Sascotec”, “Sanoanimal”), modifisirlenen gaýyş eýerleri hem-de atlar üçin beýleki abzallar, goraw germewleri we ylgaw meýdançalaryna örtük düşmegiň iň täze tehnologiýalary – bular nemes hünärmenleri tarapyndan görkezilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň doly bolmadyk sanawydyr.
Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan dünýäniň ençeme ýurtlarynda meşhurlyga eýe bolan kitaplary aýratyn orun tutdy.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahaty işläp başlady. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 100-den gowrak alym-ippologlary, atşynaslary, taryhçylary, etnograflary hem-de Kanadadan, Urugwaýdan, Malaýziýadan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Türkiýeden beýleki ýerlerden hünärmenler gatnaşdylar.
21-nji aprelde atlaryň konkur boýunça bäsleşikleri geçirildi, onuň barşynda oňa gatnaşyjylar dürli beýiklikdäki çylşyrymly päsgelçilikleri geçmegi başardylar.
Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol sebäpli hem päsgelçiliklerden geçmek boýunça şu gezekki bäsleşikler badalga berilmegine bir ýarym ýyla golaý wagt galan Aziada-2017-ä taýýarlygyň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.
Şu gün, Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçiriler. Onda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bolan we dürli eýeçilikdäki bedewleriň onlarçasynyň gözelliklerini, nepisligini görkezerler.
“Zaman-Türkmenistan”.