Bir bar eken, bir ýok eken, bir öwün­jeň gaz bar eken. Bu gaz her gu­şuň ýa­ny­na ba­ran­da: «Dün­ýä­de me­niň ýa­ly ba­şar­jaň jandar bar­my­ka?!» di­ýip, öw­ner eken.
Bir gün ýaňky gaz bir to­par gu­şuň ara­syn­da otu­ryp, ola­ra ga­rap:
− Dost­lar, hiç bi­ri­ňiz men­çe ýok­su­ňyz. Men uça­ýyn diý­sem, as­man­da ga­nat ýa­ýyp uçup bil­ýän, ýü­ze­ýin diý­sem, uly de­ňiz-der­ýa­lar­da, göm-gök köl­ler­de su­ra­ty­my su­wa dü­şü­rip, ýü­züp bil­ýän, ýö­rä­ýin diý­sem gu­ry ýer­de-de, çöl­­de-de ýö­räp bil­ýän − di­ýip, öw­nüp otyr­ka, onuň ýa­ny­na bir dur­na ge­lip­dir-de, ga­za ýüz­le­nip:
− Eý, gaz dost, sen bu hü­när­le­ri­ňe gu­wa­nyp, öw­nüp otur­ma. Ol hü­när­le­ri ba­şa­ry­şyň ga­ty ýön­tem. Hem­me­si bi­ri­gip, emel­li-baş­ly ýe­ke hü­nä­re de­ge­nok − di­ýip­dir.
Guş­la­ryň ara­syn­da öz di­ýe­ni­ni gö­ger­dip ýö­ren gaz dur­na­nyň söz­le­ri­ne geň ga­lyp:
− Ha­ny, sen on­da dü­şün­dir. Nä­me üçin beý­le diý­diň? – di­ýip, oňa tiň­ke­si­ni di­kip­dir. Dur­na:
− Ho­wa­da la­çyn ýa­ly uçup bil­me­ýäň. Suw­da ba­lyk ýa­ly ýü­züp bil­me­ýäň. Çöl­de ke­ýik ýa­ly ýö­räp bil­me­je­gi­ňe hem gö­zü­miz ýet­ýär. Şo­la­ryň haý­sy bi­rin­den öňe dü­şe­rin öýd­ýäň. Şo­nuň üçin özü­ňi biderek öwüp ýör­me. Şol hü­när­le­riň bi­ri­ni bil, em­ma pug­ta bil, ýog­sam bu emel­le­riň­den sa­ňa hiç hi­li peý­da ýok­dur − di­ýip, jo­gap be­rip­dir. Dur­na­nyň bu söz­le­ri öwün­jeň ga­za sa­pak bo­lup­dyr.

«Ýüz hü­nä­ri ça­la bi­len­den, bir hü­nä­ri do­ly bil».