Ýy­lyň iň ga­ra­şyl­ýan çä­re­le­ri­niň bi­ri ge­çi­ril­di. Her ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bol­şy ýa­ly, “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­ny, “akyl­ly” sa­gat­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Şeý­le hem smart­fon­la­ry üçin “iOS 17”, “akyl­ly” sa­gat­la­ry üçin “watchOS10” ama­ly ul­ga­my­ny hem ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze smart­fon­la­ryň pre­mi­um nus­ga­la­ryn­da bol­sa, A17 mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lyp­dyr.
He­mi­şe bol­şy, ýa­ly smart­fo­nyň no­bat­da­ky çyk­maz­dan ozal ola­ryň di­zaý­ny, ba­ha­sy, teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da bir­nä­çe çak­la­ma­lar or­ta aty­lyp­dy. Çä­rä­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len bu ba­ra­da ýü­ze çy­kan so­wal­la­ryň hem­me­si­ne jo­gap ta­pyl­dy.
Il­ki bi­len, “iP­ho­ne”-da we “iP­ho­ne 15 Plus”-da o di­ýen üýt­ge­şik­lik ýok. Em­ma “iP­ho­ne 15 Pro” hem-de “iP­ho­ne 15 Pro Max”-yň esa­san ka­me­ra ba­bat­da ozal­ky nus­ga­dan has öň­de­di­gi­ni aýt­mak bo­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi äh­li smart­fon­la­ryň we ki­çi elekt­ron en­jam­la­ryň zar­ýad be­riş ul­ga­my­nyň bir­meň­zeş, has dog­ru­sy “USB-C” bol­ma­ly­dy­gy ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­di. Şeý­le bo­lan­soň, tä­ze ta­nyş­dy­ry­lan äh­li en­jam­la­ryň zar­ýad be­riş ul­ga­my­nyň Ýew­ro­pa stan­dar­ty­na ge­çen­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň mun­dan ozal ulan­ýan “Light­ning” zar­ýad be­riş ul­ga­my ara­dan aý­ryl­dy. Bu bol­sa, “iP­ho­ne 15” smart­fo­ny­ny al­sa­ňyz zar­ýad be­ri­ji­si­ni hem aý­ra­tyn­lyk­da al­ma­ly­dy­gy­ňy­zy, ozal­ky “iP­ho­ne”-la­ryň zar­ýad be­ri­ji­sin­den peý­da­la­nyp bil­me­jek­di­gi­ňi­zi aň­lad­ýar. Ikin­ji nes­le de­giş­li “Air­Pods” we “Ear­Pods” en­jam­la­ryn­da hem USB-C bag­la­ny­şyk ul­ga­my bar.
“iP­ho­ne 15” we “iP­ho­ne 15 Plus” mo­del­le­ri­niň reňk­le­ri has açyk we so­lak. “iP­ho­ne 15 Pro” we “iP­ho­ne 15 Pro Max” smart­fon­la­ry bol­sa, ti­tan reňk­li edi­lip­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, se­ri­ýa­nyň pre­mi­um mo­del­le­rin­de mun­dan ozal çar­çu­wa do­lu­ly­gy­na di­ýen ýa­ly ara­dan aý­ry­lyp­dy.
Tä­ze se­ri­ýa­da ada­ty mo­del­ler bi­len pre­mi­um mo­del­le­riň ara­syn­da­ky ta­pa­wut has-da ar­typ­dyr. Mu­nuň çäk­le­rin­de “15 Pro” we “15 Pro Max” mo­del­le­rin­de “A17 Pro Bio­nic” mik­rop­ro­ses­sor, beý­le­ki iki mo­del­de “A16 Bio­nic” mik­rop­ro­ses­sor otur­dy­lyp­dyr.

“iP­ho­ne 15” we “iP­ho­ne 15 Plus”
Smart­fo­nyň çar­çu­wa­sy­nyň ozal­ky mo­del­den bir­ne­me in­siz­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. te­le­fo­nyň ga­ra, ak, gül­gün, sa­ry we ýa­şyl reňk­li gör­nüş­le­ri bar. “iP­ho­ne 15”-iň hem-de “iP­ho­ne 15 Pro”-nyň esa­sy ka­me­ra­sy­nyň du­ru­ly­gy 48 me­ga­pik­sel­di­gi mä­lim edil­di. Te­le­fon­da A16 mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lyp­dyr. Ek­ra­nyň ulu­ly­gy 6,1 dýuým bo­lup, ar­ka ta­ra­py so­lak reňk­li aý­na­dan edi­lip­dir. “iP­ho­ne 15”, 799 dol­lar­dan, “iP­ho­ne 15 Plus” 899 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.

“iP­ho­ne 15 pro/pro max”
“iP­ho­ne 15 Pro” we “Pro Max”-yň ga­ba­ra­sy­nyň ti­tan­dy­gy, ek­ra­ny­nyň çar­çu­wa­sy­nyň has in­siz­di­gi mä­lim edil­di. Tä­ze ti­tan ga­ba­ra te­le­fo­nyň ag­ra­my­ny bi­raz azal­dyp­dyr. Te­le­fo­nyň bu nus­ga­la­ry­na “A17 Pro” mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lyp­dyr. Bu bol­sa en­ja­myň dür­li amal­la­ry has çalt ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.
“iP­ho­ne 15 Pro” 999 dol­lar­dan, “iP­ho­ne 15 Pro Max” 1199 dol­lar­dan baş­la­ýan ba­ha­lar bi­len sa­tu­wa hö­dür­le­ner. En­jam­la­ryň ba­ha­sy­na se­re­di­len­de, ge­çen ýyl­ky­dan gym­mat däl­di­gi­ni, diňe iň ýokary modeliň 100 dollar gymmatdygyny gör­mek bol­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ta­nyş­dy­ran en­jam­la­ry 22-nji sent­ýabr­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
Şeý­le hem ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­niň pla­ne­ta­my­za zy­ýan­ly tä­si­ri­ni azalt­mak üçin hem ta­gal­la ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. “App­le” 2030-njy ýy­la çen­li äh­li en­jam­lar­da “nol ug­le­rod” mak­sa­dy­na ýet­jek­di­gi mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa önüm­le­rin­de ozal ula­ny­lan ýa-da ýe­ne gaý­ta­dan ula­nyp bol­jak ma­te­ria­lyň möç­be­ri­ni ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Te­le­fon­la­ryň äh­li­sin­de he­läk­çi­li­gi duý­ýan we eme­li hem­ra ara­gat­na­şy­gy bar. eme­li hem­ra ara­gat­na­şy­gy mun­dan ozal gaý­ra­go­ýul­ma­syz ýag­daý­la­ry ha­bar ber­mek üçin iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dy. Mun­dan baş­ga-da kom­pa­ni­ýa ABŞ-da ada­ty sim-kar­ty ara­dan aýyr­dy.

“Akyl­ly” sa­gat­lar
Da­ba­ra­da ta­nyş­dy­ry­lan “App­le Watch Se­ri­es 9” sa­ga­dy­nyň ulu­ly­gy ba­bat­da iki gör­nü­şi (41 mm we 45 mm) bar. Sa­ga­dyň iki nus­ga­sy­na-da S9 mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lyp­dyr. Şeý­le­lik­de en­ja­myň ozal­ky­dan 30 es­se çalt iş­le­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu en­ja­my zar­ýa­dy 18 sa­ga­da ýet­ýär. “App­le” en­jam­la­ry­nyň ula­ny­jy­la­ry­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän hy­ýa­ly kö­mek­çi­si “Si­ri” hem sa­ga­dyň eýe­le­ri­niň hyz­ma­tyn­da bo­lar. Mun­dan baş­ga-da “iP­ho­ne”-yňy­zy sa­gat ar­ka­ly tap­mak müm­kin. Sa­ga­dyň hö­dür­le­ýän ýe­ne bir ýe­ňil­li­gi ge­len ja­ňa bar­mak­la­ry­ny şyr­kyl­dat­mak ar­ka­ly jo­gap be­rip bol­ýar. Sa­ga­dyň 5 reň­ki­niň bar­dy­gy ha­bar be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa sa­ga­dyň ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem sa­ga­dyň ba­gy de­ri däl-de, eme­li ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­lip­dir.

Kom­pa­ni­ýa esa­san tür­gen­leş­me­gi ha­la­ýan­lar üçin “Watch Ult­ra 2” go­şar sa­ga­dy­ny ön­dü­rip­dir. Bu en­ja­my bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 36 sa­gat ula­nyp bol­ýar. Pes ener­gi­ýa mo­dun­da iş­le­di­len­de zar­ýa­dyň 72 sa­ga­da ýet­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. “App­le Watch Se­ri­es 9” 399 dol­lar­dan, “App­le Watch Ult­ra 2” 799 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
“App­le” en­jam­la­ry­nyň ama­ly ul­ga­my­nyň “iOS 17” tä­ze­len­me­si­niň bol­sa, 18-nji sent­ýabr­da hö­dür­len­jek­di­gi mä­lim edil­di.