13-nji sent­ýabr­da Du­şen­be şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň çä­gin­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Ulag mi­nistr­le­ri­niň il­kin­ji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet gat­naş­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar ulag we lo­gis­ti­ka pu­da­gy bo­ýun­ça se­bit müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da ös­dür­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy fo­rum­da çy­kyş edip, ulag pu­da­gy­nyň ösü­şiň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň amat­ly ge­og­ra­fi­ki ýer­le­şi­şin­den we müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, mil­li ösü­şi üp­jün et­mek üçin ze­rur geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri öňe sür­ýän­di­gi bel­len­di.
Fo­rum­da çy­kyş eden gat­na­şy­jy­lar se­bit­dä­ki ýurt­la­ryň bi­ri-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy ba­ra­da umu­my pi­ki­ri aýt­dy­lar we hä­zir­ki döw­rüň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na we ta­lap­la­ry­na jo­gap edip, mu­nuň üçin bar bo­lan uly müm­kin­çi­lik­le­ri ula­nyp, bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dyr­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Ulag­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek üçin plat­for­ma bol­mak üçin dö­re­di­len köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ne­ti­je­sin­de Bi­le­lik­dä­ki Be­ýa­nat ka­bul edil­di we “Mer­ke­zi Azi­ýa­da gu­ry ýer ulag­la­ry­nyň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny güýç­len­dir­mek ba­ra­da” Yla­la­şyk tas­la­ma­sy tas­syk­lan­dy.