21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Senagat-innowasiýa modeli — ýurdumyzyň esasy strategik ugry» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Forumy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň esasy meseleleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar. Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.