Ýur­dy do­lan­dyr­ýan par­ti­ýa­la­ryň bi­le­lik­de hö­dür­län da­laş­gä­ri Ram Nath Ko­wind Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­la­wlaryn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­ýär. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň we­ki­li Anu­pa Miş­ra­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, ýur­duň mil­li par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň ozal­ky baş­ly­gy Meý­ra Ku­mar ses­le­riň üç­den bir bö­le­gi­ni, Ko­wind bol­sa, ses­le­riň üç­den iki bö­le­gi­ne eýe bol­dy.
Hin­dis­tan­da döw­let baş­tu­ta­ny­ par­la­men­tiň hem-de se­bit­dä­ki ka­nun çy­ka­ry­jy ge­ňeş­le­riň de­pu­tat­la­ryn­dan yba­rat bo­lan saý­law we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar.
Ram Nath Ko­wind 1945-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da Ut­tar-Pra­deş şta­tyn­da fer­me­riň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Kan­pur uni­wer­si­te­tin­de hu­kuk ug­ry bo­ýun­ça bi­lim alan Ko­wind ýur­duň ýo­ka­ry ka­zy­ýet eda­ra­la­ryn­da iş­le­ýär. De­li şä­he­rin­dä­ki Ýo­ka­ry ka­zy­ýet­de 16 ýyl ak­law­çy bo­lup iş­le­ýär. Şeý­le hem hö­kü­me­tiň kä­bir eda­ra­la­ryn­da zäh­met çek­ýär. Par­la­men­tiň ýo­ka­ry pa­la­ta­syn­da 2 möh­le­te saý­lan­ýar we 2015-nji ýyl­da ýur­duň gün­do­ga­ryn­da­ky Bi­har şta­ty­nyň gu­ber­na­tor­ly­gy­na bel­len­ýär. Ol Hin­dis­ta­nyň 14-nji Pre­zi­den­ti bol­dy. Öý­le­nen, 1 og­ly we 1 gy­zy bar.
Hin­dis­ta­nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Pra­nab Ku­mar Mu­ker­ji 81 ýa­şyn­da. Ol Pre­zi­dent­li­ge 2012-nji ýyl­da saý­la­nyp­dy. Ol şu ýy­lyň maý aýyn­da ikin­ji möh­le­te da­laş­gär bol­ma­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di we onuň we­zi­pe möh­le­ti şu ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da ta­mam­lan­dy.
Hin­dis­ta­nyň Pre­zi­den­ti döw­let baş­tu­ta­ny hem-de ýur­duň Ýa­rag­ly güýç­le­ri­niň be­lent ser­ker­de­ba­şy­sy­dyr.