Russiýa bassyr 4 aýdan bäri Hytaýa nebit eksport etmekde öňdeligi eýeleýär. 2017-nji ýylyň iýun aýynda 5,22 million tonna “gara altyn” Çyn-Maçyna iberildi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük edarasy habar berýär.
Hytaýyň Russiýadan satyn alýan nebitiniň möçberi 27 göterim artdy. Maý aýynda 5,74 million tonna nebit import edildi. Degişli döwürde Angolanyň Hytaýyň bazaryna iberen nebitiniň mukdary 4,11 million tonna barabar boldy. Bir aý mundan ozalkysy bolsa, 5,56 million tonnady.
Saud Arabystany iýun aýynda 3,85 million, maý aýynda bolsa, 4,43 million tonna nebit önümlerini Hytaýa eksport etdi. Yrakdan gelen nebitiň mukdary iýunda 3,43 million, maýda 2,18 million, Eýrandan satyn alnan nebitiň möçberi iýunda 2,12 million, maýda bolsa, 2,9 million tonna deňeçer boldy.