Şwesiýanyň awtoulag öndürýän belli kompaniýasy “Volvo”-nyň 2017-nji ýylyň birinji ýarymyndaky arassa girdejisi 1,87 esse köpelip, 10,820 milliard şwed kronyna (1,304 milliard dollar) deň boldy. Bu barada kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenip geçilýär.
Hasabat döwründe kompaniýanyň umumy girdejisi 10,1 göterim artyp, 165,774 milliard kron (19,992 milliard dollar) möçberine ýetdi. Ýanwar-iýun aýlarynyň ikinji çärýeginde girdeji 3 esse ýokarlanyp, 6,004 milliard krona deň boldy.
– “Volvo Group” kompaniýasynyň girdejiligini ýokarlandyrmak üçin anyk strategiýamyz bar we bu ugurda hyzmat pudagyndaky söwdamyzy giňeldýäris. Şol birwagtyň özünde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary goýýarys – diýip, kompaniýanyň prezidenti we baş müdiri Martin Lundstedt gürrüň berýär.
Kompaniýanyň Ýewropanyň ähli bazaryndaky paýy ýokarlanýar. Aziýa bazarlarynda Hindistanda, Ýaponiýada we Günorta Koreýada satuwyň ýokarlanmagy bilen kompaniýanyň görkezijileri görnetin artýar.
1927-nji ýylda esaslandyrylan “Volvo Group” kompaniýasy ýük ulaglaryny, awtobuslary, gurluşyk tehnikalaryny, şeýle hem deňiz we senagat pudagy üçin dürli hereketlendirijileri öndürmekde öňdebaryjy şereketleriň biridir. Onuň edara binasy Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde ýerleşýär. 2017-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky maglumata görä, 99 müňe golaý işgäri bar.