“Volks­wa­gen” aw­tou­lag kon­ser­ni­niň 2017-nji ýy­lyň 6 aýyn­da dün­ýä möç­be­rin­dä­ki ulag sa­tu­wy bel­li möç­ber­de kö­pe­lip, 5,155 mil­lio­na ba­ra­bar bol­dy. Bu ba­ra­da aw­to­kon­ser­ni­niň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
Ha­sa­bat döw­rün­de kom­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa­da sa­tu­wa çy­ka­ran ula­gy­nyň möç­be­ri 3,5 gö­te­rim kö­pe­lip, 2,271 mil­li­on ula­ga deň bol­dy. Gün­ba­tar­ Ýew­ro­pa­da has köp ulag sa­tyl­dy. Hu­su­san-da, Ger­ma­ni­ýa­da sa­tu­wyň sa­ny 678,6 mü­ňe go­laý­la­dy. Mer­ke­zi hem-de Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da 366 müň ula­gyň sa­tu­wy ama­la aşy­ryl­dy.
De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da 6 aýyň do­wa­myn­da “Volks­wa­gen” şe­re­ke­ti 461 müň ulag sa­typ, onuň 293,4 mü­ňi ABŞ-da sa­tyl­dy. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 248,3 mü­ňe deň bo­lup, Bra­zi­li­ýa­da 142,3 müň ulag eýe­le­ri­ne go­wuş­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýan­war-iýun aý­la­ryn­da di­ňe Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­dä­ki sa­tu­wy bir­ne­me pe­se gaç­dy.
“Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň iň iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Ol “Volks­wa­gen”, “Audi”, “Sko­da” we “Se­at” ky­sym­ly ulag gör­nüş­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. Şeý­le hem bu şe­re­ke­tiň “Lam­borg­hi­ni”, “Bent­ley” hem-de “Bu­gat­ti” ky­sym­ly ka­şaň ulag­la­ry hem köpüň ün­sü­ni çek­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da “Volks­wa­gen Com­mercial Vehicles” we “Scania” dü­züm­le­ri­niň üs­ti bi­len ýük ulag­la­ry­ny dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ýar.