Fransiýanyň çempiony PSŽ-niň ýene bir ýyldyzy Katara transfer boldy. Italiýaly Marko Werrattiden soň germaniýaly Ýulian Draksler hem karýerasyny Katarda dowam eder. 29 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy Kataryň “Al-Ahli” (Doha) topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Katarlylar Draksleriň transferi üçin parižlilere 20 million ýewro möçberinde töleg ederler. Karýerasyna “Şalke” toparynda başlan Draksler 2015-nji ýylda “Wolfsburga”, 1 möwsümden soňam PSŽ toparyna transfer boldy. Ol parižlileriň düzüminde 6 möwsümde 198 oýunda 26 gol geçirdi. Geçen möwsümi “Benfikada” kärendesine oýnan Draksleriň Germaniýanyň milli ýygyndysynda 58 oýunda 7 goly bar. Draksler “Al-Ahli” toparynda 7-nji belgili köýnekçäni geýer.

Soňky 10 günüň dowamynda Katara 3 ýyldyz oýunçy transfer bolup, Drakslerden öň Filippe Koutinio “Al-Duhail” toparyna, Marko Werratti bolsa “Al-Arabi” toparynyň düzümine goşulypdy.