Dünýäniň iki iri kompaniýasy bilelikde iki sany kärhana döredip, olarda otly we aragatnaşyk enjamlaryny öndürmegi meýilleşdirýär. Germaniýanyň “Siemens AG” hem-de Kanadanyň “Bombardier Inc.” kompaniýalary bu ugurda iş alyp baryp, Hytaý bilen dünýä bazarynda bäsdeşlik etmegi göz öňünde tutýar.
Germaniýanyň kompaniýasy dünýäniň iri senagat korporasiýalarynyň biri bolup, aragatnaşyk abzallarynyň önümçiligine gözegçilik etmegi maksat edinýär. Kanadanyň awiagurluşyk kompaniýasy “Bombardier” bolsa, otly önümçiligine girişer.
Bu iki kärhananyň bir ýyldaky umumy söwdasy 15 milliard ýewro barabar bolar. Ykdysady görkezijiler 2016-njy ýyldaky degişli söwda amallarynyň netijesinde mälim edildi.
Häzirki wagtda dünýäde otly wagonlaryny we lokomotiwini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Hytaýyň “CSR Corp.” we “China CNR” kompaniýalary halkara bazaryndaky garşydaşlarynyň birigip, ulalmagyna täsir etdi.