Tehnologiýanyň durmuşa ornaşmagynyň netijesinde, dürli çylşyrymly taslamalary ulanyşa girizmek has-da aňsatlaşýar. Asma ýol, asma çyra we asma köpri barada eşidensiňiz. Hytaýly hünärmenler asma otlyny synagdan geçirdiler. Ýurduň Sindao şäherinde bir koleýaly otlynyň gatnawy amala aşyryldy. Onuň taslamadaky tizligi sagatda 80 kilometre barabardyr. “Asmanda hereket edýän otly” diýen ada eýe bolan asma otlynyň taslamasy Hytaýyň “CRRC Qingdao Sifang” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Ol jemgyýetçilik ulagynyň täze görnüşini emele getirip, ortaça tizlikde hereket edýär. Onda ýokary tizlikli otlularda ulanylan tehnologiýalaryň belli bir bölegi ornaşdyryldy. Otly hereketdekä onuň howpsuzlyk düzgünleri güýçlendirildi we ýolagçylar üçin amatly şertler döredildi. Otly 3 ýa-da 5 wagondan ybarat bolup, 300 ýa-da 510 ýolagça niýetlenendir. Ony ilkibaşda syýahatçylyk merkezlerinde hem-de şäheriň daglyk ýerlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.