Azerbaýjan Respublikasynda arassa energiýa çeşmelerinden hem ýerlikli peýdalanylýar. Ýurduň çäginde gurlan Gün energiýasy arkaly elektrik toguny öndürýän beket ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Alternatiw we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Akim Badalow döwlet Baştutanyna “Pirallahi” elektrik bekediniň ykdysady görkezijileri barada maglumat berdi. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň maksady Pirallahi etrabynyň halkyny hem-de durmuş desgalaryny elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmekden ybaratdyr.